Ï Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda maglumat ulgamyny ulanmak boýunça okuwlar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda maglumat ulgamyny ulanmak boýunça okuwlar geçirildi

view-icon 3842
Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda maglumat ulgamyny ulanmak boýunça okuwlar geçirildi

Noýabr aýynyň 27–29-y aralygynda Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda maglumat ulgamyny ulanmak boýunça okuwlar guralyp, oňa 29 türkmen hünärmeni gatnaşdy. Okuwlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda bilelikde geçirildi.

Okuwlar bilimi dolandyrmak programmasyny ulanmakda başarnyklary ösdürmäge gönükdirildi. Bilimi dolandyryş maglumat ulgamy bilim pudagynda maglumat ýygnamak işini awtomatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak üçin işlenip düzüldi.

Ol Bilim ministrligini ähli raýatlara elýeterli, üznüksiz we ýokary hilli bilim we ösüşi üpjün etmek üçin kararlary netijeli kabul etmek, bilim syýasatlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçilikleri bilen üpjün eder.