Ï Ibn Sinanyň çaga terbiýesi hakynda kämil ýörelgesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ibn Sinanyň çaga terbiýesi hakynda kämil ýörelgesi

view-icon 4376
Ibn Sinanyň çaga terbiýesi hakynda kämil ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny gazanmak ugrunda ençeme beýleki işler bilen birlikde, geljegimiz bolan çagalaryň mynasyp terbiýesiniň we edep-ekramynyň gazanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň aňly-düşünjeli we bilimli-terbiýeli ösüp ulalmagyna ýokary döwlet jogapkärçiligi nukdaýnazaryndan garamak bilen, bu baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. 

Bu ugurda alnyp barylýan işleriň uzak geçmişli taryhyň dowamynda umumadamzat ösüşine saldamly goşant goşup, ýitmejek uly yz galdyran meşhur we parasatly ata-babalarymyzyň döreden hem-de miras galdyran milli ýörelgelerine daýanýandygyny bellemek gerek. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Lukman Hekim ady bilen tanalýan Abu Aly Huseýn Ibn Abdylla al-Hasan ibn Ali ibn Sina. 

Ibn Sinanyň lukmançylykda bitiren işleriniň uludygy barada häli-şindi nygtalýar. Ýöne onuň çaga terbiýesi barada esaslandyran ýörelgeleri hem-de goýup giden mirasy hem gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Ol diňe lukman hökmünde däl, eýsem, terbiýeçi-mugallym hökmünde-de çaga terbiýesi hakynda inçeden pähimli maslahatlary beripdir. Ibn Sinanyň çaga terbiýesi hakynda pikirleriniň köpüsi çuňlugy, ynsanperwerligi, terbiýäniň çylşyrymly taraplarynyň dogry düşündirilýändigi bilen haýran galdyrýar. 

Parasatly pederlerimiziň durmuş ýoly hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki bagtyýar döwrümizde eziz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir. 

Hormatly Prezidentimiziň hem-de ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň nesil terbiýesindäki nusgalyk ýoluna eýerip, Watanymyz üçin wepaly nesil terbiýelemekde döwrebap ýörelgelerden ugur almak bilen talabalaýyk zähmet çekmek her bir bilim işgäriniň, şol sanda çaga terbiýesi bilen meşgullanýanlaryň mukaddes borjudyr.

Dursun Amanowa,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar-bakja bagynyň müdiri.