Ï Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary: ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösüşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary: ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösüşi

view-icon 3266
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary: ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösüşi

25–28-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Katara iş sapary boldy.

Iki taraplaýyn duşuşygyň baş maksady ylym we bilim ulgamynda özara gatnaşyklary netijeli ösdürmekden, hususan-da, ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda aragatnaşyklary pugta berkitmekden hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Kataryň bilim we ýokary bilim ministri Buthaýna bin Ali Al Jabr Al Nuaými bilen netijeli duşuşygy geçdi. Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň, ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň, bu ugurda hünär derejesinde tejribe alyşmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy giňeltmek we işjeňleşdirmek üçin dostlukly ýurtlaryň ikisinde-de uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmen wekiliýeti üçin Kataryň milli muzeýine hem-de Yslam sungaty muzeýine gezelençler guraldy.

Soňra saparyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Kataryň DIM-niň Diplomatik institutynyň ýolbaşçysy Abdulaziz bin Muhammed al-Horri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň rektory iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, hususan-da, kitaphana hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ylmy edebiýatlary alyşmak, ylmy okuw maslahatlary geçirmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň ýanynda ýakynda açylan «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkezine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, katarly hünärmenlere bu okuw merkezde tematik umumy sapaklary, sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyk boýunça okuwlary geçirmek teklip edildi. Şunuň ýaly halkara tejribesiniň ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri taýýarlamak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki ylmy-barlag hem-de bilim işlerini ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň taýýarlan hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasynyň» taslamasyna hem garaldy.

Katarly kärdeşler türkmen tarapynyň teklip eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Duşuşygyň netijesinde taraplar bilelikdäki gatnaşyklaryň bellenen ugurlary boýunça ylalaşyklary gazandylar. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle çäräniň türkmen-katar ylym-bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka öwrüljekdigine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine pugta ynam bildirdiler.

Saparynyň dowamynda bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti paýtagtyň «Bilim şäherine» (Education City) baryp gördi. Şol ýerde halkara uniwersitetleriň sekizisiniň şahamçalary bilen birlikde, dürli okuw mekdepler ýerleşýär. Tanyşlyk saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň «Qatar Foundation»-iň ýokary bilim bölüminiň ýolbaşçysy Fransisko Marmoleho, guramanyň ýokary we diplomdan soňky bilim bölüminiň müdiri Abir Al Halifa, şeýle hem «Bilim şäherinde» ýerleşen ýokary okuw mekdepleriň rektorlary hem-de Kataryň milli kitaphanasynyň direktory Hamad Al Kawari duşuşyklary geçirildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary «EKSPO-2023 Doha» Halkara bagçylyk sergisinde ýerleşen Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördüler. Bu sergi Kataryň paýtagtynda 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda «Ýaşyl çöl, iň oňat daşky gurşaw» diýen şygar astynda geçýär.

Türkmen wekiliýetiniň Katara iş saparynyň çäklerinde geçirilen ähli çäreler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm maksatlaryny hem-de wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi hem-de ylym we bilim ulgamynda türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze netijeli ädimleri alamatlandyrdy.