Ï Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy giňeýär

view-icon 2655
Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy giňeýär

11-nji martdan 13-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýa Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Awstriýanyň Grase şäherine iş saparynyň birinji güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow Gras tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşdylar.

Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, innowasiýa tehnologiýalary pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, geljekde bilelikdäki iş, hususan-da, seminarlar guramak, ylmy barlaglar geçirmek, makalalary, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny neşir etmek, şeýle hem bilim maksatnamalaryny alyşmak barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň jemi boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Gras tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna häzirki iş sapary türkmen-awstriýa ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlangyjy bolar.

Dostlukly duşuşygyň çäginde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Awstriýanyň bu uniwersitetiniň alyp barýan ylym hem-de bilim işleri we uniwersitet şäherçesi bilen jikme-jik tanyşdylar.