Ï Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlendi

view-icon 2452
Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlendi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, eýeçilik görnüşine bagly bolmazdan, bilim edaralarynyň gysga möhletli okuw merkezlerinde okaýan talyplaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Oňa paýtagtymyzyň we welaýatlaryň okuw merkezlerinde okaýan, öňki iki tapgyryň synaglaryndan üstünlikli geçip, jemleýji tapgyrda baýrakly ýerler ugrunda bäsleşmek hukugyna mynasyp bolan 217 oglan-gyz gatnaşdy.

Bäsleşikler dört ýaş toparynda okaýanlar üçin iki ders – iňlis we rus dilleri boýunça geçirildi. Birinji ýaş topary dil öwrenýän 12-13 ýaş, ikinji 14-15 ýaş, üçünji 16-18 ýaş aralygyndaky, dördünji bolsa 16 ýaşdan uly okuwçylary öz içine aldy.

Ähli ýaş toparlaryndaky bäsdeşler grammatika, söz baýlygy, degişli daşary ýurt dilini okamak we diňlemek başarnyklary boýunça synag edildi. Dördünji ýaş derejesindäki okuwçylar üçin ýumuşlar dil bilimlerine baha bermegiň halkara derejesinde ykrar edilen usulyýetine laýyklykda taýýarlandy.

Jemleýji tapgyra gatnaşanlar ýeke-täk 1-nji orun, 2 sany ikinji orun, her ders we her ýaş topary boýunça 3 sany üçünji orun, jemi 48 sany baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Degişli ýaş toparynda birinji orny eýelän Bahar Ataýewa, Aýgözel Halylowa, Selbi Akmyradowa we Zübeýda Jumagylyjowa dagy iňlis dilini gowy bilýändiklerini görkezdiler. Dört ýaş toparynda rus dili boýunça ýaryşlarda birinji orny, degişlilikde, Aýgül Gulmyradowa, Selbi Orazowa, Bahar Gurbanbaýewa we Döwletgeldi Alyýew dagy eýeledi. Ýeňijileriň hemmesi diýen ýaly hususy okuw merkezlerinde okaýarlar.

Bäsleşigiň barşynda «Zehin ýoly» HJ-niň Türkmenabat bölüminiň, Mary welaýatynda ýerleşýän «Kämil bilim» hususy kärhanasynyň, «Altyn göreç» HJ-niň we «Belent bilim» HJ-niň okuwçylary tapawutlandylar. Mary welaýatynyň «Bilim güzeri» HJ-niň we Daşoguz welaýatynyň «Zehinli nesil» we «Merdem ýaşlar» HJ-niň kurslarynyň okuwçylary daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini artdyrmaga ymtylyş görkezdiler. Umuman alanyňda, baýrakly ýerleri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän 16 okuw merkezinden we olaryň şahamçalaryndan dil kurslarynyň okuwçylary aldylar, bu bolsa Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmatly sowgatlary gowşuryldy. Guramaçylyk toparynyň wekilleri, eminler topary we synçylar topary bäsleşigi guramaga hem geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin Bilim ministrliginiň hormat hatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara baýrak gowşurylyş dabarasyny aýdym-saz çykyşlary bezedi.