Ï Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III Halkara olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III Halkara olimpiada geçiriler

view-icon 2552
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III Halkara olimpiada geçiriler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýola goýlan III Halkara internet-olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.

Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dil we başga ugurlar boýunça okaýan ähli ýyl talyplary çagyrylýar. Gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

Olimpiada 10-11-nji aprelinde institutyň sanly bilim portaly arkaly synag görnüşinde geçiriler. Synagda okamak, diňlemek we iňlis diliniň grammatikasy bilen baglanyşykly 10 ýumuş bolar. Synag tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berilýär.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler D.Azady adyndaky TMDDI-niň saýtynyň Internet olimpiadasy bölüminde 31-nji marta çenli sowalnama dolduryp, hasaba alynmalydyr. Ýokary okuw mekdebiň saýtynda gatnaşjaklar üçin goşmaça maglumatlar hem bar. Guramaçylar bilen patrioticyouthtniwl@gmail.com elektron salgysy arkaly aragatnaşyk saklap bilersiňiz.

Olimpiadanyň netijeleri 18-nji aprelde institutyň saýtynda yglan ediler. Olimpiadanyň ýeňijileri guramaçy okuw mekdebiniň adyndan diplomlar bilen sylaglanar.

Geçen ýyl olimpiadanyň 36 ýurduň 180 ýokary okuw mekdebinden bir ýarym müňden gowrak talyby bir ýere jemländigini belläliň. Onda 200-den gowrak talyp baýrakly orunlara mynasyp boldy, şolaryň 156-sy türkmenistanly talyplardyr.

Olimpiadanyň esasy wezipesiniň arasynda iňlis dili boýunça umumy bilim derejesine baha bermek, talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek, aragatnaşyk, ýazuw, gepleşik dili, diňlemek we okamak endiklerini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, şeýle hem talyplaryň iňlis dilini öwrenmäge höwesini artdyrmak we sanly tehnologiýalar arkaly ýokary okuw mekdepleriň arasynda daşary ýurt dillerini wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek ýaly wezipeler bar.

Olimpiada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýörelgesini durmuşa geçirmek meýilnamasynyň çäginde geçirilýär.