Ï Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1656
Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Sukuba uniwersitetiniň wise-prezidenti we Bilelikdäki gözlegler boýunça ýerine ýetiriji direktory Kanaho Ýsunoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwrüň talabyna laýyklykda, häzirki we geljekki möhüm temalar boýunça bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar ylmy gözlegler, tejribe we bilim alyşmak, şeýle hem bilelikdäki çäreleri we maslahatlary guramak ugrundaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.