Ï Tehnologiýalar merkezinde dogry iýmitlenmegiň saglyga peýdasy barada maslahat boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýalar merkezinde dogry iýmitlenmegiň saglyga peýdasy barada maslahat boldy

view-icon 2026
Tehnologiýalar merkezinde dogry iýmitlenmegiň saglyga peýdasy barada maslahat boldy

5-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, «Dogry iýmitlenmek sagdyn durmuşyň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Duşuşygy, adat bolşy ýaly, Tehnologiýa merkeziniň müdiri, himiýa ylymlarynyň doktory D.Gadamow giriş sözi bilen açdy.

Maslahatyň mowzugyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmäge ýurdumyzyň dürli edaralarynyň alymlary we hünärmenleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan biologiýa ylymlarynyň doktory S.Durdyýewiň çykyşy «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesi barada gymmatly maglumatlar» mowzugyna bagyşlandy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň baýry mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty E.Babanazarow «Uýadylan süýt önümlerini öndürmek tehnologiýasyny kämilleşdirmek» mowzugynda çykyş etdi. Onuň kärdeşi Ý.Saryýew bolsa gawun mürepbesini öndürmegiň kämilleşdirilen tehnologiýasyny görkezdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň işgäri B.Muhyýewa azyk önümlerindäki trans-izomer ýaglaryna gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň dürli barlaghanalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda birnäçe derwaýys we möhüm meseleler barada gürrüň etdiler. Iýmit tehnologiýalary barlaghanasynyň başlygy H.Muhammetgulyýewa maslahata gatnaşýanlaryň ünsüni polimer iýmit gaplamalaryny gaýtadan işlemek meselelerine çekdi. Şol barlaghanyň inženeri T.Meredowa bolsa bedene ýumurtgasynyň külkesiniň ýokumly düzüminiň barlaglarynyň netijelerini görkezdi. Tehnologiýalar merkeziniň beýleki barlaghanalarynyň çykyş eden işgärleri gara malyň süýdüniň hilini we öndürijiligini artdyrmakda rasionyň orny, goýun ýüňünden alnan lanoliniň peýdaly aýratynlyklary, çörek önümlerinde kädi ununy ulanmak, miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde toprak derňewindäki ekologiýa taýdan ähmiýetli ylmy gözlegler ýaly temalarda çykyş etdiler.