Ï Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýen ada eýe boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýen ada eýe boldy

view-icon 2096
Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýen ada eýe boldy

Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy (MMG) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde işleýän Maglumat elýeterliligi merkezini (MEM) geçen ýylda geçiren işleriniň netijeleri boýunça, dünýäniň 56 ýurdunda hereket edýän şunuň ýaly merkezleriň arasynda «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýip ykrar etdi.

Bilşimiz ýaly, bilim pudagynda innowasiýa sanly gurşawy döretmek üçin häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu merkez Koreýa Respublikasynyň Ylym, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň MMG-si bilen hyzmatdaşlykda döredildi. «Best IAC Center Award 2024» (Iň gowy MEM merkezi-2024) baýragynyň Türkmenistanyň maglumat elýeterliligi merkezine gowşurylmagy ýurdumyzda sanlylaşdyrmagy we giň gerimli bilimi ösdürmek, koreý dilini öwrenmek, şeýle hem türkmen halkyny Koreýa Respublikasynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak boýunça amala aşyran köptaraply işine berlen ýokary bahadyr.

MMG-niň Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkezine iberen haty bu ajaýyp üstünlik bilen gutlagy we 2024-nji ýyldaky maglumat elýeterliligi merkeziniň (MEM) dolandyryjy okuw meýilnamasyna gatnaşmaga çakylygy özünde jemleýär. Bu maksatnama merkeziň işi, Koreýa has belet bolmak, maglumatlar we emeli akyl mümkinçiliklerini berkitmek, şeýle hem Koreýanyň öňdebaryjy IKT infrastrukturasyna baryp görmegi ýeňilleşdirmek üçin zerur zatlary hödürlemegi maksat edinýär.

Şu ýylyň 27-nji maý – 8-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýetiniň guramasynyň Seulda geçiriljek okuwyna dokuz ýurduň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkeziniň işgärleri Amanbibi Hudaýgulyýewa we Suraý Amandurdyýewa dagy-da gatnaşar.