Ï Paýtagtymyzda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi başlandy

view-icon 3092
Paýtagtymyzda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi öz işine başlady.

Ozal habar berlişi ýaly, bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň hem-de 9 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 11-sinden 250 talyp gatnaşýar. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriň, Türkiýäniň we Hytaýyň wekilleri bar.

Halkara çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, institutyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa bölüminiň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň hormatly diplomaty Sapar Berdinyýazow, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, syýasy ylymlaryň kandidaty Igor Okunew çykyş etdiler.

Çykyşlarda ýurtlaryň arasynda parahatçylyga ýardam etmäge, ynamy berkitmäge, parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge niýetlenen bäsleşigiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Halkara çäräniň geçirilmeginiň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 63-nji plenar maslahatynda biragyzdan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň esasyny düzýän medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine, parahatçylyk ýörelgeleriniň ýaýramagyna ýardam etjekdigi nygtaldy.

Şol gün çärä gatnaşyjylar üçin institutda bezegli sergi açyldy, onda milli halylar, lybaslar, şaý-sepler, türkmen nakgaşlarynyň žiwopis suratlary we gaýry zatlar görkezildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredijilik toparlarynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti çäräniň baýramçylyk ruhuny hasam baýlaşdyrdy.

Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soň halkara ýaryşa gatnaşyjylar synagyň we bäsleşigiň birinji, aýratynlykdaky tapgyrynda ýazuw meselelerini çözmäge girişdiler.

Ertir talyplar halkara bäsleşiginiň toparlaýyn tapgyrynda bäsleşerler. Talyp toparlarynyň gatnaşmagynda tematiki breýn-ring hem geçiriler.

25-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak, şeýle hem onuň ýapylyş dabarasy bolar.