Ï Türkmenistanly talyp Buharestde geçirilen Umumy fizika boýunça XII halkara olimpiadasynda 1-nji orny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyp Buharestde geçirilen Umumy fizika boýunça XII halkara olimpiadasynda 1-nji orny eýeledi

view-icon 2295
Türkmenistanly talyp Buharestde geçirilen Umumy fizika boýunça XII halkara olimpiadasynda 1-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiber-fiziki ulgamlar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow Rumyniýanyň paýtagtynda inženerçilik hünärinden bilim alýan talyplaryň arasynda umumy fizika boýunça «Ion I.Agarbiceanu» XII halkara olimpiadasynda 1-nji orny eýeledi. 

Olimpiadany 18-nji maýda Buharestiň Politehniki uniwersiteti geçirdi, bu ýere Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professorlaryndan, mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat türkmen wekiliýeti iş sapary bilen bardy.

Abraýly halkara ýaryşa dünýäniň sekiz ýurdundan ugurdaş uniwersitetleriň talyplary gatnaşdylar. Olimpiada 2 ugurdan – nusgawy we häzirki zaman fizikasyndan taglymat hem-de amaly tapgyrlardan ybaratdy.

Gowşut Akmyradow häzirki zaman fizikasy ugrundan bäsleşikde ýeňiji boldy. Umuman, türkmen talyplary intellektual bäsleşigiň iki ugrunda-da gowy çykyş etdiler we Olimpiada meýdançasynda gowy netije görkezdiler. Baýrak gowşurylyş dabarasynda fizika bäsleşiginiň ýeňijilerine degişli derejede diplomlar we Buharestiň Politehniki uniwersitetinden ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

16-njy – 20-nji maý aralygynda türkmen wekiliýetiniň Rumyniýanyň iň uly uniwersitetleriniň birine eden sapary wagtynda iki uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň geljegine garaldy, hünär tejribe alyşmak we ylmy barlaglary geçirmek babatda bilelikdäki çäreler meýilleşdirildi. 

Meselem, olimpiada tamamlanandan soň taraplar suwuk kristallaryň we lazer şöhlesiniň maddalar bilen täsirini öwrenmek ugrunda ylmy-barlag işlerini guradylar. Ylmy synaglara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiber-fiziki ulgamlar fakultetiniň iki mugallymy we Rumyniýanyň bu uniwersitetiniň amaly ylymlar fakultetiniň mugallymlary gatnaşýarlar. Hyzmatdaş uniwersitetleriň meýilnamasyna görä, bilelikdäki çäre iki hepde dowam eder. 

Uniwersitetleriň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ylmy gözlegleriň ileri tutulýan ugurlarynyň ösmegine, täze tehnologiýalary ösdürmäge we olaryň ulanylyşyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.