Ï Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty daşary ýurt dillerini okatmagy ýönekeýleşdirmek üçin IT-çözgütleri döretmek boýunça hakaton bäsleşigini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty daşary ýurt dillerini okatmagy ýönekeýleşdirmek üçin IT-çözgütleri döretmek boýunça hakaton bäsleşigini geçirdi

view-icon 2125
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty daşary ýurt dillerini okatmagy ýönekeýleşdirmek üçin IT-çözgütleri döretmek boýunça hakaton bäsleşigini geçirdi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek» diýen ugur boýunça hakaton bäsleşigi geçirildi. Ol programmirleme arkaly daşary ýurt dillerini okatmagyň ýeňilleşdirilen usullaryny döretmek üçin oňaýly IT-çözgütleri tapmaga gönükdirilendir.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň talyplary gatnaşyp, sanly tehnologiýalar ulgamynda öz bilimlerini we ukyplaryny giňden görkezdiler. Çärä gatnaşyjylar üçin hakaton bäsleşigi görkezilen ugur boýunça täze pikirleri we çemeleşmeleri döretmek hem-de amala aşyrmak ugrunda täsirli gural we netijeli meýdança öwrüldi.

Guramaçylaryň pikirine görä, bu bäsleşik ýaşlaryň innowasion mümkinçiliginiň ýokary derejededigini, olaryň bu ugurda ösmäge gyzyklanýandyklaryny görkezdi hem-de bu ulgamynda örän netijeli çäreleriň biri boldy.

Guramaçylyk topary bu bäsleşigiň aýratynlyklary we artykmaçlyklary barada aýdyp, hakaton bäsleşiginiň ähli agzalary özleriniň IT-başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge, pikirdeşleri bilen tanyşmaga, dostlaryny tapmaga we köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, bäsleşik talyplaryň toparda işlemek başarnyklaryny ösdürmäge, berlen wagtdan netijeli peýdalanmaga, dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmaga we çylşyrymly wezipeleri özbaşdak çözmäge ýardam etdi. 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminleriň çözgüdi bilen ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň baş baýragyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty eýeledi.

Birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Ikinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Üçünji orny bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň talyplar toparlary paýlaşdylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Talyplaryň hakaton bäsleşigi bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi.