Ï Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär

view-icon 1811
Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Wengriýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga dalaşgärleri saýlaýar.

Şunuň bilen baglylykda, 25-nji noýabrdan 10-njy dekabra çenli aralykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. 

2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy doljak Türkmenistanyň raýatlary, 2024-2025-nji okuw ýylynyň orta mekdepleriniň uçurymlary (Wengriýada okamak üçin), şeýle hem 18 ýaşa ýeten we 25 ýaşdan uly bolmadyk raýatlary (HHR-de okamak üçin) okuwa girmäge resminamalary tabşyrmaga hukuga eýedir. Iňlis diline erk etmek hem giriş synaglaryna gatnaşjaklar üçin zerur talapdyr. 

Resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler doly orta bilimiň umumy bilim maksatnamasynda göz öňünde tutulan dersler boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlik geçerler.

Hünärleriň sanawy hem-de ýokary hünär biliminiň maksatnamasy (bakalawr) boýunça Wengriýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuw şertleri baradaky maglumatlar resminamalary kabul edýän topar tarapyndan berilýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçesi 169. Habarlaşmak üçin (+993 12) 39-85-62, 39-85-25 telefon belgiler we admissioniuhd@gmail.com elektron salgy boýunça ýüz tutup bolar.

Ýaş türkmenistanlylar ýokarda görkezilen dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işleri, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça okarlar.

Hytaýyň hem-de Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin türkmen talyplaryny ibermek baradaky çözgüt Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji noýabrda geçirilen mejlisiniň barşynda kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň möhümdigini belläp, müňlerçe ýaş türkmen oglan-gyzlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerinde bilim alýandyklaryny nygtady.