Ï Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler

view-icon 1426
Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler

Aşgabatda tamamlanan «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň möhüm netijeleriniň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy-tehnologik parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň ylmy-tehniki alyş-çalyş merkeziniň arasynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek barada gol çekişilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama boldy.

Resminamada aýdylyşy ýaly, bu merkez Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy we tehnologik parkynda türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy iki döwletiň kanunlaryna laýyklykda öňe süren teklibi boýunça dörediler. Şunuň ýaly merkeziň döredilmegi ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga has anyk we yzygiderli häsiýet berer. Ähtnamada merkeziň üç esasy wezipesi kesgitlenipdir: ylmy gözleg edaralarynyň ylym, tehnologiýa we innowasiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyna we ösdürmegine kömek bermek; strategik milli zerurlyklary göz öňünde tutmak bilen, iki ýurduň arasynda tehnologiýa alyşmak üçin ylmy agtaryş institutlarynyň arasynda giň baglanyşyk gurmak; ylym, tehnologiýa we innowasiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bähbidine täsirli ýerlik döredip, bilelikde ulanmak.

Türkmen-hytaý ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dürli çäreleri amala aşyrar we ilkinji nobatda, türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky teklipleriniň taýýarlanmagyna hem durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Tehniki hyzmatdaşlygyň we tehnologiýa alyş-çalşygynyň çäginde ylmy we tehniki maglumatlary bilelikde ýygnamak, şeýle hem iki ýurduň gözleg institutlarynyň zerurlyklary barada maglumat alyş-çalşygy dowam eder. Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş, şol sanda maslahatlar, simpoziumlar, konferensiýalar we ylmy-tehniki sergiler ýaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleri bilelikde guramak ýa-da goldaw bermek meýilleşdirilýär. Ylmy-tehniki alyş-çalşygy ösdürmek boýunça ylym we tehnologiýa wekilleriniň özara saparlary guralar, ýokary derejeli işgärleriň we ýaş alymlaryň ikitaraplaýyn alyş-çalşygyny artdyrmaga aýratyn üns berler.

Alymlaryň we tehniki hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Merkez ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça astkomitetiň degişli kararlary kabul etmegini üpjün etmek üçin taraplaryň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň netijesinde gazanylan netijeler barada maglumatlary yzygiderli taýýarlap, öz ýurdunyň ygtyýarly ylmy-tehniki edaralaryna tabşyrar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça, başga çäreler hem amala aşyrylyp bilner.