Ï Türkmen dutary medeni alyş-çalşyň birleşdiriji bagydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen dutary medeni alyş-çalşyň birleşdiriji bagydyr

view-icon 1254
Türkmen dutary medeni alyş-çalşyň birleşdiriji bagydyr

16-njy ýanwarda Aşgabatda tanymal amerikan aýdymçylary Keýt Bassyň, Riçard Staýgneriň we Aaron Ýangyň gatnaşmagynda «Broadway and Beyond» toplumynyň birinji konserti boldy.

Bu daşary ýurtly artistleriň Türkmenistana ikinji saparydyr. Bu gezek çykyşlar paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň Türkmenbaşy, Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde bolar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ABŞ-nyň Döwlet departamenti bilen hyzmatdaşlygy netijesinde artistler diňe bir sahnada çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, hünärleri boýunça kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga-da mümkinçilik aldylar.

Syýahatyň öňüsyrasynda amerikaly ýerine ýetirijiler söhbetdeşlik geçirip, onda türkmen halkynyň medeni mirasynyň özlerinde galdyran täsirleri barada aýtdylar.

Aaron Ýang türkmen kärdeşleri bilen gatnaşyklarynyň netijeli bolandygyny aýtdy. Eger ol ilkinji saparynda beýik Magtymguly Pyragynyň şygryýeti we milli saz sungaty bilen diňe tanşan bolsa, bu gezek onda Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestri we geljegi uly wokalçy Döwran Şammyýew bilen işleşende, durmuşa geçirilen döredijilikli pikirleri peýda boldy.

– Türkmenistana ýene-de gelenimize örän şat – diýip, Keýt Bass duýgularyny beýan etdi. – Bu bize Magtymguly Pyragynyň bir goşgusynyň üstünde işlemäge mümkinçilik berdi, biz ony «Şemaly duýasym gelýär» ady bilen aýdym etdik. Şeýle hem batyrgaý synaglar üçin mümkinçilik boldy, olary konsertlerimizde diňlemek bolar.

Sazanda we ussat bitboksçy Riçard Staýgner onuň sözüniň üstüni şeýle ýetirdi:

– Türkmen sazynyň ajaýyplygy meni haýran etdi. Zehinleriň saz ussahanasyna saparymyzy gurandygy üçin Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýolbaşçylaryna aýratyn hoşallygymy bildiresim gelýär. Biz adaty türkmen saz gurallarynda çykyş etmekden lezzet aldyk.

Haýsy saz guralynyň olarda has güýçli täsir galdyrandygy soralanda, artistler biragyzdan «Dutar» diýip, jogap berdiler. Bu gadymy gural sazandalar üçin hakyky tapyndy boldy we olar häzirki zaman saz ugurlaryny milli sazlar bilen utgaşdyrýan özboluşly bir çykyş taýýarlamagy makul bildiler.

Aaron Ýang ýakyn wagtda Türkmenbaşy şäherine boljak saparyndan garaşýan zatlary barada şeýle diýdi:

– Täze ýerleriň meni geň galdyrmagyny gowy görýärin. Hazar deňiz ýakasyna barjakdygymyz üçin bize datly deňiz önümlerinden nirede lezzet alyp boljakdygyny aýtdylar. Uly bir topar sazanda, şol sanda hor bilen gezelenç etmek aýratyn lezzet berýär.

Söhbetdeşlige ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rood hem gatnaşdy:

– Biz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli birnäçe çäre geçireris. Medeniýet, şol sanda aýdym-saz-da, dürli halklaryň arasynda ynanç köprüsini gurmaga kömek edýär. Biziň ähli başlangyçlarymyz parahatçylyk baradaky gepleşikleri goldamaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, hanym Rood «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasyndaky» taslamalaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şu güne çenli bu maksatnama Türkmenistanda 30 taslamany goldady, häzir bolsa indiki taslama üçin bäsleşik dowam edýär.