Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri Daşoguz welaýatynda myhmançylykda şowhunly çykyşlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitine gelen artistleriň duşuşygy aýdym-sazly hakyky baýrama we «Görogly» eposy boýunça goýlan teatr çykyşynyň tomaşasyna öwrüldi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sirk sungaty täze derejä göterildi. Türkmen bedewleriniň köp ýurtlarda üstünlikli çykyşlary munuň subutnamasydyr. Bu, döwletiň dünýäde milli medeniýeti we sungaty ösdürmek we wagyz etmek boýunça alyp barýan giňişleýin çäreleriniň netijesinde mümkin boldy.
Daşoguz welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda tomaşaçylara görkezilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň bilelikdäki maksatnamasy, hemişe bolşy ýaly, ajaýyp çykyşlardan doludy.
Birinji bölümde artistler akrobatlyk, atyp-tutma, darbazlyk oýunlaryna ezberligini, haýwanlara tälim bermek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Kaşaň lybaslar, saz, yşyklandyryş we akrobatika bilen tans hereketleriniň şowly utgaşmasy tomaşaçylary erteki dünýäsine düşen ýaly etdi. Bulawa, top we halkalary atyp-tutýan Resul Serdarow ýaly ýaş artistler-de sirk sungatynyň ýokary derejesini görkezdiler. Ýatdan çykmajak çykyşlaryň biri-de beýiklikde tegekleriň üstünde ussatlyk bilen deňagramlylygyny saklaýan Arslan Kürräýewiň çykyşy boldy, şeýle hem poni çapýan, samokat sürýän we halka gapýan maýmynlar-da tomaşaçylary haýran etdi.
Elbetde, bu ajaýyp maksatnamanyň esasy tomaşasy ýerli ilatyň aýratyn tolgunma we gyzyklanma bilen garaşan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň ikinji bölümindäki çykyşlary boldy.
2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary birnäçe abraýly halkara baýraklaryň, şeýle hem Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragynyň we beýleki ýörite baýraklarynyň ýeňijisidir. Atçylyk toparynyň artistleriniň belleýşi ýaly, çykyşlarynyň tapawutly aýratynlygy ýokary tizlik bilen çapyp barýan bedewiň üstünde ýerine ýetirilmegidir. Şunda başyny aýlamajak tizligi üpjün etmekde olaryň öwezsiz kömekçileri ahalteke bedewleridir.
Atçylyk sungatynyň ussatlary at münmek, at çapmak, ýokary hünär ussatlygy, hereketleriň takyklygy, batyrgaýlyk bilen çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirilmegi we toparlaýyn jebis hereketleri bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy.
Döredijilikli erk edýän behişdi bedewleriniň sazlaşykly, owadan hereketleri, merdana ýigitleriň görkezýän dürli oýunlarydyr çylşyrymly tilsimleri, okdurylyp ýüwrüp barýan bedewleriň üstündäki dogumly ýigitleriň emele getirýän özboluşly piramidasy elmydama tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dowam edýärdi. Iki aýakda ýöremek ukybyny görkezen Garadag atly bedewi we tälimçiniň ähli buýruklaryna düşünýän altyn reňkli Gadamly atly bedewi köpçüligi haýran galdyrdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşy milli däpleriniň dowamlylygyny, olary ösdürmäge we baýlaşdyrmaga bolan ymtylyşy aç-açan görkezdi.
– Bu ajaýyp toplumda biziň ilkinji çykyşymyz däl – diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň tälimçisi we ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy S.Pygyýew gürrüň berýär. – Her gezek gelenimizde-de, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary bilen ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen bir hatarda Daşoguzyň hem özgerişine begenýäris. Çykyşlarymyza täze tomaşalary goşmak arkaly, çylşyrymly çykyşlar bilen tomaşaçylary begendirmäge çalyşýarys. Ýakyn geljekdäki meýilnamalarymyz barada aýdanymyzda, bu täze oýunlary, has çylşyrymly tilsimleri özleşdirmek we seresaplylyk bilen ýerine ýetirmek, toparyň ýaş agzalaryny taýýarlamak we öz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çykyşlara taýýarlanmagy öz içine alýar.
Bu tomaşada horeografik çykyşlary ýerine ýetiren «Dessan» welaýat goşma tans toparynyň artistleriniň hem bolandygyny goşmak gerek.