Ï Suratkeşler eserlerinde ahal-teke bedewleriniň gözelligini wasp edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratkeşler eserlerinde ahal-teke bedewleriniň gözelligini wasp edýärler

view-icon 1364
Suratkeşler eserlerinde ahal-teke bedewleriniň gözelligini wasp edýärler
camera-icon
Ýusup Türşekow

Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp açylan sergi-bäsleşik türkmen suratkeşleriniň döredijiligi bilen haýran galdyrýar. Olar her ýyl bu ugurdan işlerini sergä hödürleýärler, olara käte naýbaşy eserler diýlip baha berilýär.

Şeýle eserleriň biri 1-nji belgili gobelendir. Ussat ýa-da çeper elli zenan bedewiň ajap keşbini sapaklardan döredip, oňa diňe bir gözellik bilen däl, eýsem, belli bir ruhy belentlik hem berýär. At parahatdan uly mertebe bilen tomaşaçylara düşbi gözleri bilen bakyp dur. 

177-nji belgili surat başyny enesiniň bagryna basyp duran taýçanagyň mähir-muhabbeti ýüregiňde duýgusyny döredýär. Bu sergide awtoryň adyny ýa-da eseriň adyny agzamak bolmaýar, ýöne mähirli taýçanaga bakanyňda, bu surata «Dünýädäki iň gowy ene – meniň enem!» diýip at beresiň gelip dur.

Başga bir surat bize güýçli täsir etdi. Onda taýçanaga alaja dakýan bir gyzjagaz şekillendirilipdir. Suratda ynsan perzendi bilen at balasynyň arasyndaky dostlugyň ýürekdendigi we çäksizdigi görkezilýär.

Iki ak atyň suraty hem täsirli çykypdyr. Olar owadan gyrmyzy ýakutly at şaý-sepleri bilen bezelipdir. Ýakutlar çekilen däl-de, hakyky, bu hem suraty hasam özüne çekiji edýär.

Nakgaşlaryň köpüsi Monte Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňşini beýan edipdirler. Jigitleriň meşhur tilsimi – çapyp barýan atyň üstündäki artistleri heýkeltaraş gipsde şekillendiripdir.

At esbaplaryny döredýän türkmen zergärleriniň çeper işleri aýratyn sergide görkezilýär. Nepislik we ajaýyp tapbilerlik ähli şaý-seplerde göze ilýär. Gymmat daşlaryň daşyna kümüş we altyn suwy çaýylypdyr. Türkmen zergärleri zenan şaý-sepleriniňem şeýle ajaýyp ýygyndysyny hödürlediler, olar monjuga at şekilleriniň elementlerini ussatlyk bilen salypdyrlar.

Bäsleşik-sergä hödürlenen halylar aýratyn öwgä mynasyp. Serginiň merkezinde goýlan ajaýyp halyda şekillendirilen «asman atlary» hakykatdanam asmandan ýere inip, topragymyzy öz gözelligi bilen bezän ýaly görünýär.

Sergi-bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramy güni yglan ediler.