11.08.2022
6982
2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, sergiler, maslahatlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara gatnaşyklar babatda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
11.08.2022
15266
Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlanýar
Paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Gurtly ýaşaýyş toplumynda 90 gektardan gowrak meýdany tutýan, dört gatly ýaşaýyş toplumynyň ak mermere beslenen binalarynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar.
11.08.2022
12390
Okuw üçin nähili torba saýlamaly?
Okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy, ata-eneleriň köpüsi üçin «Mekdebe gitmeli çaga üçin nämeler gerek?» diýen mesele ýüze çykýar.
11.08.2022
9832
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna – 25 ýyl
Çärýek asyr mundan ozal – 1997-nji ýylyň 12-nji awgustynda Maryda Ýokary tehniki kollejiň binýadynda häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagynda bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty döredildi.
11.08.2022
6892
Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň medeni mirasyna bagyşlanan maslahat
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkeziniň we Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Ösüşiň belent ýolunda milli mirasa sarpa» at bilen maslahat geçirildi.
10.08.2022
13827
Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda
Şu gün Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.
10.08.2022
12343
Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi. Bu taryhy resminama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň: Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Tähranda gol çekildi.
10.08.2022
11785
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda, şypaly Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagyna sanlyja gün galdy. Çagalar dynç alyş wagty gyzykly gezelençler etdiler, aň-paýhas, döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşdylar, ýurdumyzyň tanymal adamlary bilen duşuşdylar.
10.08.2022
5711
Çagalaryň we ýaşlaryň saglygy ýagdaýy boýunça webinar geçirildi
Ýakyn wagtda ildeşlerimiz COVID-19 soň çagalaryň we ýaşlaryň ýagdaýy baradaky ilkinji webinara gatnaşyp bilerler. Ol şu ýylyň 17-nji awgustynda geçiriler.
10.08.2022
8430
Türkmen türgenleri V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň topary Türkiýäniň Konýa şäheriniň 42 müň tomaşaça niýetlenen «Buýukşehir» munisipial stadionynda geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.