09.08.2022
8381
Halkymyzyň abadançylygynyň we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine
Geçen hepdäniň wakalary ykdysadyýetiň pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagyna, önümçilige innowasiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara almak bilen, ýurdumyzy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitledi.
09.08.2022
7907
Türkmenistanda täze ekologiýa taslamasy işe girizildi
Türkmenistan BMG-nyň biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmäge garşy göreş, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak we beýleki tebigaty goraýyş esasy konwensiýalary we olara protokollary tassyklady. Olaryň arasynda Bazel Konwensiýasy bar.
09.08.2022
8468
Türkmenistanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler
2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler.
09.08.2022
11157
Türkmen kompozitorlarynyň sazlary OperaFirst 2022 festiwalynda ýaňlanar
Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň saz medeniýeti “OperaFirst 2022” festiwalyna gatnaşar. Şeýle uly möçberli saz forumyny 2-11-nji sentýabr aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirmek göz öňünde tutulýar.
09.08.2022
7450
Asyrlardan asyrlara dowam edýän sungat
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen dutarçylaryň we bagşy-sazandalaryň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde geçirilen tapgyry türkmen milli sungatynyň baýramyna öwrüldi. Ol Daşoguz şäherindäki iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen kaşaň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
09.08.2022
6038
In the name of well-being of the people and further prosperity of the Fatherland
The events of the past week determined the promising directions for the development of the economy of our country, taking into account the ongoing large-scale programs aimed at industrialization, formation of high-tech industries, introduction of innovations and advanced developments into production. The tasks outlined by the head of state Serdar Berdimuhamedov to achieve high performance and bring each sphere to new frontiers of development aim at further prosperity of our Motherland, raising the standard of living of its people.
09.08.2022
4977
Özbegistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwlet zähmet gözegçileriniň ilkinji forumy başlady
9-njy awgustda Özbegistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwlet zähmet gözegçileriniň forumynyň ilkinji gününde Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Russiýadan 60-dan gowrak bilermen zämet pudagynda döwlet gözegçiligi boýunça syýasaty bilelikde işläp düzmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga başlady.
08.08.2022
9407
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
08.08.2022
7369
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministr Li Sýan Luna hem-de ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.08.2022
8288
Ýokary hilli kömelekler ösdürilip ýetişdirilýär
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy il arasynda gelin kömelekleri diýip tanalýan şampinýonlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.