26.05.2022
6245
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
26.05.2022
9660
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.
26.05.2022
10085
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
26.05.2022
13146
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä berk käýinç yglan edildi.
26.05.2022
11087
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda dürli ulgamlardaky işleriň ýagdaýy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylanyldy.
26.05.2022
8219
Bilim röwşen geljegiň açarydyr
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda «Bilim röwşen geljegiň açarydyr» şygar astynda bilim bäsleşigi geçirildi. Ony okuw jaýynyň dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World Club» gurnagynyň agzalary geçirdi.
26.05.2022
6818
Intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri «Schmitt & Orlov Intellectual Property» halkara kompaniýasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy.
26.05.2022
5133
Galla oragyna taýýarlyk işleri geçirildi
Daşoguz wealýatynyň ekarançylary iň jogapkärli oba hojalyk işleriniň biri – galla oragyna kabul ediji noaktlaryň 28-sini, şol sanda elewatorlaryň ýedisini taýýarladylar.
26.05.2022
9099
Iki sany şahsy sergi açyldy
Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde iki sany şahsy sergi açyldy. Merkeziň birinji gatynda Ýagmyr Myradalyýewiň peýzažlary, ikinjini bolsa onuň kakasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Myradalyýewiň suratlary ýerleşdirildi.
26.05.2022
6803
Türkmenistan Aziýa kubogy-2022-de Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen duşuşar
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Futzal boýunça Aziýa kubogy-22-niň şu ýylyň 27-nji sentýabr 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek 17-nji ýaryşynyň jemleýji tapgyrynda Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň toparlary bilen duşuşar. Şu gün Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän baş karargähinde onlaýn görnüşde geçirilen bije çekişliginiň netijeleri şulardan ybarat: