26.05.2022
9870
Karatedo boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi
Paýtagtymyzdaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde karatedo boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi, ony Türkmenistanyň karatedo Federasiýasy gurady.
25.05.2022
8551
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä we ýurduň ähli halkyna Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.05.2022
5583
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene Tehas ştatynyň Ýuwald şäherindäki başlangyç mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu waka sebäpli ençeme çagalaryň pida bolmagy has-da gynançlydyr.
25.05.2022
5828
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.
25.05.2022
12726
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi.
25.05.2022
5009
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
25.05.2022
5513
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan işewürleri bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy.
25.05.2022
12838
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi
Şu gün türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.
25.05.2022
5085
Ýurdumyzda teatr festiwaly tamamlandy
Şu gün paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda geçirilen dabara bilen “Türkmen teatr sungaty” festiwaly tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň teatrlarynyň, şeýle-de Döwlet sirkiniň artistlerini bir ýere jemledi.
25.05.2022
3765
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Sizi Russiýanyň “Dostluk” ordeni bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.