04.05.2021
3641
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşik geçirdiler
4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.
04.05.2021
4341
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamyna girizilmäge hödürlendi
ÝUNESKO-nyň kätipligi «Dizaýn» kategoriýasynda ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherler ulgamyna girmek üçin Aşgabadyň dalaşgärlige teklipnamasyny kabul etdi.
04.05.2021
6457
Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar
31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir.
04.05.2021
2859
Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar ýurtda telekeçi-ombudsman institutyny döretmegi maslahatlaşdylar
«Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasynyň çäginde ýurtda telekeçileriň hukugyny goramak boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesini döretmek barada webinar geçirildi.
03.05.2021
3866
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
03.05.2021
10396
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.
03.05.2021
4201
Türkmenistan Russiýanyň üstaşyry nebit geçirmek boýunça ikinji orny elde saklaýar
Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda nebiti Russiýanyň üstaşyry daşary ýurt bazarlaryna çykarýan ýurtlaryň arasynda ikinji orny saklamagy başardy. Bu barada Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi müdirligine salgylanmak bilen, Interfaks habar berýär.
03.05.2021
5164
Eýranly tennisçiler Aşgabatda geçiriljek Dewis Kubogynyň sebitleýin ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar
Eýran Yslam respublikasynyň Tennis federasiýasy Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň Dewis Kubogynyň saýlama bäsleşigine gatnaşmagyň çäginde milli toparyň düzülmegine girişilendigi we ilkinji ýygnanyşyga başlandygy barada habar berdi.
03.05.2021
3643
MHG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy migrantlary hasaba alýan elektron gollanmalary teklip edýär
Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk gulluklarynyň işgärleri üçin onlaýn-maslahat gurady. Bu maslahat “СOVID-19 pandemiýasynyň Merkezi Aziýadaky we Russiýa Federasiýasyndaky migrantlara, jemagat toparlaryna ýetiren ykdysady täsirini gowşatmak” atly sebit taslamasynyň çäginde geçirilip, ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Şweýsariýa agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän tapgyry jemleýär.
03.05.2021
10000
Indira Ganda bagyşlanan saz ýa-da Çary Nurymowyň ajaýyp eserleriniň biriniň taryhy
Türkmenistanyň paýtagtynda geçen asyrda, ýagny, 1978-nji ýylyň 16-njy awgustynda açylan saglyk mekdebi ýöne ýere Indira Gandiniň adyny götermeýär. Hindistanyň ilkinji Premýer-ministri Jawaharlal Neru ilkinji gezek 1955-nji ýylda Aşgabada gelende ýanynda gyzy Indira hem bardy. Şonda hindistanly myhmanlaryň gysga, ýöne uzak wagtlap ýatda galan sapary türkmenistanyň raýatlarynyň köpüsini begendiripdi.