24.04.2021
11186
Aýsoltan Toýçyýewa – agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň baýragyna mynasyp boldy
Marydan sport ussady Aýsoltan Toýçyýewa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda silterläp we iki synanşygyň jemi boýunça bürünç medallaryň ikisini eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkarimowyň 24 ýaşly şägirdi olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän 81 kg çenli agramda şeýle netije gazandy, bu agram derejesinde 7 ýurtdan 8 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.
23.04.2021
4167
Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
23.04.2021
15545
Dünýä dilleri instituty Rus diliniň hepdeligini geçirýär
«Beýik, kuwwatly, hakykatçyl we erkin rus dili!» - Iwan Sergeýewiç Turgenewiň we beýleki beýik rus şahyrlarynyň, kyssaçylarynyň, dramaturglarynyň aýdan sözleri şu günler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda has dabaraly ýaňlandy, bu ýerde Rus diliniň hepdeligi geçirildi.
23.04.2021
3426
Türkmenistan Russiýanyň we Eýranyň arasynda synag ýük daşalşyna gatnaşyp biler
Russiýa (Astrahan porty) bilen Eýranyň arasynda konteýner gatnawy synag ediler. Bu barada «Особая экономическая зона «ЛОТОС» PJ-nyň habarlar, analitika we PR bölüminiň ýolbaşçysy Tatýana Karimowa «Halkara import we eksport güni » sergi-forumynyň çäklerinde aýtdy.
23.04.2021
7960
Saglyga haýyrly gök önümler ýa-da ekarançylygyň geljegi uly ugry
Türkmen halkynyň ekarançylygynda peýdaly sypatlary bolan gök ekinleri ýetişdirmek möhüm orun tutýar. Gyzyl ýa-da gyrmyzy redis bilen birlikde turp hem Daşoguz welaýatynyň ilatynyň melleklerinde ýetişdirlýän ekin. Kelemler maşgalasyna degişli bu ekini ýerli ilat düzüminde witaminleriň we mikroelementleriň köplügi, şeýle hem uzak saklanylýanlygy üçin gowy görýär.
23.04.2021
4591
Rustam Annaberdiýew – Aziýanyň 89 kg agrama çenli iň güýçli alty ştangaçysynyň biridir
Türkmenistanly sport ussady Rustam Annaberdiýew şu günler Daşkentde geçýän Aziýanyň çempionatynda 89 kg agrama çenli agramda sebitiň iň güýçli türgenleriniň altylygyna girdi.
23.04.2021
6698
Rejepbaý Rejepow – Aziýa çempionatynda bürünç medaly eýeledi
Daşkent şäherinde dowam edýän Aziýanyň agyr atletika boýunça çempionatynda 81 kg çenli çykyş eden 29 ýaşly, at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hasap goruna ýene-de bir sylagy-bürünç medaly goşdy.
23.04.2021
21543
Ahalteke bedewi we alabaý – serginiň esasy beýanaty
Şekillendiriş sungaty muzeýinde ahalteke bedewiniň we türkmen alabaýynyň gününe bagyşlanyp sergi açyldy.
23.04.2021
2819
Daşoguzly maşgalalaryň ýüze golaýy täze jaýa göçüp bardylar
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýokary amatlykly köp öýli jaýlaryň dördüsi ulanmaga berildi.
22.04.2021
3239
DÖM-nyň ýaş ilçileri talyplara we mekdep okuwçylaryna daşky gurşawy goramagyň möhümligi barada gürrüň berdiler
22-nji aprelde Ene Ýeriň Halkara güni bellenilýär. Şu sene mynasybetli BMG-nyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin iki günlük onlaýn-seminar gurady.