08.03.2021
5255
Türkmenistanyň Prezidenti: ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar
Sizi gözelligi we ajaýyplygy bilen ynsan kalbyna ylham hem-de joşgun paýlaýan bahar paslynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn!
07.03.2021
22390
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.
07.03.2021
13220
Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
07.03.2021
8224
Döwlet Baştutany Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýgözel Muhammetdurdyýewna Gurbangeldiýewa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
07.03.2021
9323
Türkmen nakgaşlarynyň zenanlar hakda we zenanlara bagyşlan işleri
Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär.
06.03.2021
4275
Türkmenistanyň Prezidentii Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.
06.03.2021
4115
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
06.03.2021
5394
Zenan nakgaşlaryň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
Halkara zenanlar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi, oňa däp bolşy ýaly nakgaş zenanlar gatnaşdylar. Sergä gelenler bäsleşige hödürlenen söýgi we bahar röwüşleri ruhuna ýugrulan eserler bilen tanyşdylar.
06.03.2021
3330
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu bilen duşuşyk geçirdi.
06.03.2021
3366
Ýurdumyzyň demirgazygynda orta süýümli gowaça ekiler
Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine on dokuz müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Tohumlar tutuşlygyna degişli gulluklaryň laboratoriýalarynda gögerişi, klasy, sort arassalygy we beýleki görkezijiler boýunça bellenilen kadalara laýyklygyna barlaglardan geçirildi. Ýörüte dermanlanylmagy tohumlary kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorar.