09.05.2021
5969
Milli Liderimiz Ýeňiş gününiň 76 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Şu gün ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
09.05.2021
4586
Resmi habarlar
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.
09.05.2021
30456
Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.
09.05.2021
4861
Türkmenistan – Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi.
09.05.2021
3541
Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.
09.05.2021
4537
Türkmen ştangaçylarynyň sekizisi ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşjaklaryň sanawyna girizildi
Türkmen ştangaçylarynyň sekizisi agyr atletika boýunça 23–31-nji maýda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjaklaryň sanawyna girizildi. Bu barada Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) saýtynda habar berilýär.
09.05.2021
4009
TMK-nyň Uly zalynda Ýeňiş waspy ýetirildi
8-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kamera ansambly kafedrasynyň guramagynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanyp, «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly aýdym-sazly agşam geçirildi.
09.05.2021
4549
Türkmenistany ikinji Watany edinen frontçynyň ykbaly
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli ähli ýerde uruş gahrymanlary mübäreklenýär. Men olaryň biri – Sergeý Tewosowiç Agamýan barada gürrüň bermekçi. Durmuşynda ýurdumyzyň we Aşgabadyň şanly seneleri beýanyny tapan weteranyň watanperwerlik ruhuna ýugrulan öýüne baryp, onuň bilen söhbetdeş boldum.
09.05.2021
79655
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Ýeňiş Güni bilen gutlady
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
08.05.2021
24119
«Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň täze neşiri
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu neşir Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar.