16.04.2021
4114
TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Şertlerine gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
16.04.2021
2743
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň onlaýn görnüşde geçirilen 52-nji mejlisine gatnaşdy.
16.04.2021
3503
Owganystan «ЕB – Merkezi Aziýa» gepleşiklerine gatnaşyp biler
Sputnik Узбекистан gullugy özbek daşary syýasat edarasyna salgylanyp, Owganystanyň goşulmagy bilen «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» gepleşikleriniň çäginiň giňäp biljekdigini habar berýär.
16.04.2021
5287
Türkmen türgenleri Aziýa çempionatyna ugradylar
Türkmen türgenleriniň topary Daşkent şäherinde 17-nji aprelde başlanýan agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşar. Biziň wekillerimiziň hatarynda – 19 adam bar (11 türgen, 5 tälimçi, 1 tehniki işgär we 2 resmi wekil).
15.04.2021
2652
Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit bilen bagly hyzmatdaşlygy utgaşdyrar
Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit ulgamynda ösüşiň we hyzmtdaşlygyň Sebitleýin maksatnamasyna indiki iki ýylda başlyklyk eder.
15.04.2021
10346
Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
15.04.2021
2754
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda eden çykyşy
Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bina halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança bolar.
15.04.2021
2340
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
15.04.2021
11040
Suratkeş Tamara Kiselýowa: durmuşyň öwüşginleri
85 ýaşynyň toýuny Tamara Kiselýowa sergisini görmäge gelen tanyşlarynyň arasynda belledi. Olar hem suratkeşi gutlamak, hem onuň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergisini synlamak üçin bu ýere ýygnandylar. Suratkeşi gutlamaga gelenleriň arasynda: sungatşynaslar Azat Annaýew, Oba Muhatowa, hudožnikler Saparmämmet Meredow, Natalýa Kalugina, Lýudmila Ulakina we heýkeltaraş Babasary Annamyradow we birnäçe surat muşdaklary bar.
15.04.2021
2625
Türk dilli ýurtlaryň futbol guramalarynyň ýolbaşçylary Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistan şeýle dostlukly ýurtlar: Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türküýe, Özbegistan, Wengriýa bilen bilelikde futboly ösdürmeklige gatnaşar. Azerbaýjanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, türk dilli ýurtlaryň futbol guramalarynyň 14-nji aprelde gol çeken Ähtnamasynda şol ýurtlaryň özaralarynda bilelikde futboly ösdürmegi karar edenligi aýdylýar.