mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

08.03.2021

total-veiw

5255

Türkmenistanyň Prezidenti: ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar

Sizi gözelligi we ajaýyplygy bilen ynsan kalbyna ylham hem-de joşgun paýlaýan bahar paslynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn!

news-photo

07.03.2021

total-veiw

22390

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.

news-photo

07.03.2021

total-veiw

13224

Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

07.03.2021

total-veiw

8224

Döwlet Baştutany Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasaryny wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýgözel Muhammetdurdyýewna Gurbangeldiýewa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

news-photo

07.03.2021

total-veiw

9323

Türkmen nakgaşlarynyň zenanlar hakda we zenanlara bagyşlan işleri

Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär.

news-photo

06.03.2021

total-veiw

4275

Türkmenistanyň Prezidentii Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.


news-photo

06.03.2021

total-veiw

4115

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

news-photo

06.03.2021

total-veiw

5394

Zenan nakgaşlaryň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Halkara zenanlar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi, oňa däp bolşy ýaly nakgaş zenanlar gatnaşdylar. Sergä gelenler bäsleşige hödürlenen söýgi we bahar röwüşleri ruhuna ýugrulan eserler bilen tanyşdylar.

news-photo

06.03.2021

total-veiw

3333

Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu bilen duşuşyk geçirdi.

news-photo

06.03.2021

total-veiw

3366

Ýurdumyzyň demirgazygynda orta süýümli gowaça ekiler

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine  on dokuz müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Tohumlar tutuşlygyna degişli gulluklaryň laboratoriýalarynda gögerişi, klasy, sort arassalygy we beýleki görkezijiler boýunça bellenilen kadalara laýyklygyna barlaglardan geçirildi. Ýörüte dermanlanylmagy tohumlary kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorar.

...3345