26.02.2021
3379
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.
26.02.2021
16645
TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň daşlar kolleksiýasy muzeýi – ýurdumyzda iň baý kolleksiýalaryň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde dag jynslarynyň, magdanlarynyň we daşa öwrülip giden zatlaryň 1200-den gowrak nusgasy bar.
26.02.2021
6035
Fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler
Halkara Frankofoniýa güni myasybetli 2021-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek Fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler. Türkmensitandaky Fransiýa instituty (TFI) bu waka bagşlanan tanyşdyrylyş gurnady.
25.02.2021
4910
Ýyllaryň synagyndan geçen
Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabriginiň işgärleri öz işledýän enjamlarynyň ygtybarlydygyny, ýokary öndürijiliklidigini, hyzmatynyň ýeňildigini aýdýarlar. Muňa Ýaponiýanyň «Juki» firmasy bilen kyrk ýyllyk hyzmatdaşlyk esas berýär, erkek adamlaryň köýnegini çykarmak boýunça ýurdumyzda iň iri kärhananyň tikinçilik sehi bu firmanyň enjamlary bilen üpjün edilendir.
25.02.2021
9421
Ýürege ýakyn, ýürekden aýdylýan köp sesli aýdym – a kapella
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halkara onlaýn-duşuşyklary tapgyry Amerikanyň «re Voiced» wokal toparynyň konserwatoriýanyň, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk orta hünär mekdebiniň, şeýle hem welaýatlaryň sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary bilen bilelikdäki wirtual-konserti bilen jemlendi.
25.02.2021
5483
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Şu gün Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
24.02.2021
3678
Tabşyryklar wagtynda ýerine ýetiriler
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýurdumyzda iri çeper haly fabriginiň çeper elli ussatlarynyň ýüzlerçesi möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge girişdiler. Kärhanada TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bina edilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki bezegi üçin inçe el halylaryny dokamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olar sebitleriň aýratynlyklaryna görä taýýarlanylýar.
24.02.2021
11783
Kanonyň, dutaryň we gyjagyň özara söhbedi
«Ermenistanyň we Türkmenistanyň kirişli halk saz gurallary» temasyndan halk saz gurallary ussatlarynyň ikinji halkara onlaýn-duşuşygy geçirildi. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň talyplarydyr mygallymlary gatnaşdylar.
24.02.2021
6191
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.