24.02.2021
3355
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk gurady.
23.02.2021
3379
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar.
23.02.2021
8856
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam merkeziniň işi bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar.
23.02.2021
4271
«Dessanyň» hoşowaz çykyşlary
Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan» skripkaçylar topary täze konsert maksatnamasyny taýýarlady.
23.02.2021
3996
Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürler bileleşikleri hyzmatdaşlyk ýolunda
23-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen “MEDEF International”-yň (Fransiýanyň kärhanalar hereketi) Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gotýeniň (Philippe Gautier) onlýan duşuşygy geçirildi, onuň jemi boýunça Birleşme bilen “MEDEF International”-yň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
22.02.2021
9808
«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy we döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebowyň yzly-yzyna iki kitaby neşir edilenden soň kärdeşleri oňa Wiktor Uspenskiniň işini dowam ediji diýip ugradylar, ol egindeşi Wiktor Belýaýew bilen bilelikde 1925-1928-nji ýyllarda tutuş Türkmenistany aýlanyp, türkmen halk aýdymlaryny we dutar, gyjak, tüýdük sazlaryny nota geçiripdi. Bu iki höwesegiň wagty az bolansoň olar sazlary nota gysgaça geçiripdirler. Şeýle bolsa-da ol kitap täze nesliň sazandalary üçin bahasyna ýetip bolmajak peýdaly neşir bolupdy.
22.02.2021
4664
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.A.Gylyjow hakynda
Saparmyrat Aşyrowiç Gylyjowy Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
22.02.2021
3017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Durdyýew A.A. hakynda
Durdyýew Arslan Atageldiýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
22.02.2021
3696
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
22.02.2021
5086
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi.