29.11.2023
14939
Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny
2001-nji ýylyň 23-nji martynda London şäherinde kabul edilen Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmaly.
29.11.2023
17230
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
29.11.2023
16723
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
29.11.2023
5547
Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy.
29.11.2023
6417
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Şu hepdäniň dynç günleri dürli medeni çärelere baý bolar. 1-nji we 2-nji dekabrda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda kompozitorlar Aram Haçaturýana we Daňatar Hydyrowa bagyşlanan konsertler bolar.
29.11.2023
7765
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň açylandygyna 10 ýyl boldy
Şu ýyl Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny göterýän Halkara nebit we gaz uniwersitetinde innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň açylanyna 10 ýyl bolýar.
29.11.2023
8524
Daşoguz welaýatyň daýhanlary gök ekinleriň aýratynlyklaryny öwrenýärler
Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde oba hojalygynyň öndürijiliginiň has-da ýokarlanmagynda gök ekinler esasy orun eýeleýär.
29.11.2023
7017
Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana gurulýar
Amyderýanyň kenarynda bitýän buýanyň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly, buýan köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer we kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar.
29.11.2023
6121
Türkmenistanyň telekeçileri «Halal Expo – 2023» halkara sergisinde
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we Söwda-senagat palatasynyň wekilleri Bütindünýä Halal sammitiniň çäginde Yslam hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 23–26-njy noýabrynda Stambulda geçirilen «Halal Expo – 2023» halkara sergisine gatnaşdy.
29.11.2023
5785
Aşgabatda Koreýa medeniýetiniň agşamy geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan sişenbe güni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen «Koreýanyň milli baýramlary» agşamy oňa gatnaşanlaryň ýadynda aýratyn dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýy bilen galar.