Sport
05.04.2022
7066
Türkmen futzalçylary Özbegistanyň «Bunýodkor» toparyny ýeňlişe sezewar etdi
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistanyň «Bunýodkor» toparyny 6:1 hasabynda utdy. Oýun Daşkent şäherinde geçdi, bu ýerde milli ýygyndymyz jogapkärli oýunlardan öň gysga wagtlyk okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýär.
02.04.2022
7928
Türkmenistanly futzalçylar Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşýarlar
Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 10-12-nji aprelde Aziýa Kubogy -2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkege gitdiler.
01.04.2022
6225
Lýuksemburgda geçirilýän 2022-nji ýylyň düýnä çempionatyna gatnaşjak hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi belli boldy
3-nji aprelde Lýuksemburgda başlaýan düýnä çempionatyna üçünji diwizionda «A» toparda çykyş etjek Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň hatarynda 20 türgen bolar.
31.03.2022
8165
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi
Ýurdumyzyň Futbol federasiýasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Said Seýidowyň futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini habar berdi.
30.03.2022
7219
Türkmenistanyň wekiliýeti FIFA-nyň kongresine gatnaşar
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara futbol federasiýasynyň (HFF) 31-nji martda Dohada (Katar) geçirilýän kongresine ganaşar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda (TFF) aýdyldy.
24.03.2022
6791
Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatynda türkmen hokkeýçileriniň oýunlarynyň täze tertipnamasy tassyklandy
Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) 2022-nji ýylyň 3 – 8-nji aprelinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda Lýuksemburgda geçiriljek “A” toparyň üçünji bölüminde dünýä çempionaty üçin oýunlaryň täze tertipnamasyny tassyklady.
17.03.2022
7310
AFK Kubogy-2022 ýaryşynda «Altyn asyryň» soňky bäsdeşi kesgitlenildi
Özbegistanyň «Sogdiana» kluby AFK Kubogy-2022 ýaryşynda «E» toparda Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň bäsdeşi boldy.
02.03.2022
12135
Aşgabatda tälimçileri taýýarlamak boýunça AFK okuwy başlandy
Aşgabatda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň tälimçileri taýýarlamak boýunça okuwy başlandy.
28.02.2022
14483
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi saýlanyldy
Küşt boýunça milli sport ussady, 43 ýaşly Wepa Mälikgulyýew Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) başlygy wezipesine saýlanyldy.