20.11.2025
4006
Balkan welaýatynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär
Şu gün Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi öz işine başlady. Munuň özi iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryndaky ösüşiň täze derejä çykýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
20.11.2025
3657
Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty gurady. Çärä türkmen wekiliýeti, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
20.11.2025
2702
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Reşt şäherinde Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyryldy. Saparyň maksady Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşmakdan ybarat boldy.
20.11.2025
3345
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular
2025-nji ýylyň 16-20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular.
20.11.2025
3319
Pariž şäherinde “Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler” atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy.
20.11.2025
2237
«Beýik zady öwredýärin» we «Beýik zady öwrenýärin» atly rus dili boýunça okuw maksatnamasyna badalga berildi
17 – 22-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda bilim taslamalarynyň – daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin «Beýik zady öwredýärin» hem-de talyplar üçin «Beýik zady öwrenýärin» atly rus dili mekdebiniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuwlar geçirilýär.
20.11.2025
2999
Bahreýnde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen tennisçileri Bangladeşiň toparyny ýeňdiler
Bahreýniň Isa-Town şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda türkmen tennisçileri ikinji ýeňşini gazandylar.
20.11.2025
4044
Maslahat geçirildi
Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty: abadançylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň maksatlary» diýen ady bilen maslahat geçirildi
20.11.2025
2588
Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
20.11.2025
2365
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.