18.08.2026
5154
Ýaşyl özgertmelerde täze ädim: türkmen hünärmenleri Germaniýada ylmy-barlag tejribeliklerini üstünlikli tamamladylar
Halkara ylmy dialogy berkitmek we innowasion tehnologiýalary öwrenmek 2026-njy ýylyň 14-nji awgustynda tamamlanan türkmen hünärmenleriniň Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetindäki (TU Clausthal, Germaniýa) üç hepdelik tejribeliginiň esasy netijeleri boldy.
18.08.2026
3018
«Kids Expo» sergisinde «Ýaş tebigatçy» bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Mähriban ene-atalar, eziz çagalar we ýetginjekler!
17.08.2026
4062
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan innowasiýalar we özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda Watanymyz ykdysadyýeti we durmuş ulgamy okgunly ösýän, netijeli döredijilik başlangyçlaryny öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň abraýly hem-de işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Dünýäde ähmiýeti barha artýan bilim we ylym ulgamlarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Häzirki taryhy eýýamda Türkmenistanyň ösüşiniň strategik ugry ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
17.08.2026
10586
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatmaly.
17.08.2026
10483
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine bellemeli.
17.08.2026
3436
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.
17.08.2026
2581
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
17 – 23-nji awgust aralygynda Türkmenistanda yssy howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündiz howanyň iň ýokary temperaturasy +43 gradusa ýeter. Hepdäniň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň käbir welaýatlarynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar diýlip çak edilýär.
17.08.2026
3483
Türkmenistanyň Ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.08.2026
4846
Daşoguz welaýatynyň tikinçilik kärhanalary önümçiligiň ýokary depginini saklaýar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri çagalar we ulular üçin niýetlenen egin-eşikleriň onlarça görnüşini, düşek we öý tekstil önümlerini öndürýärler. Öndürilen önümleriň esasy bölegini dürli edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda taýýarlanan ýörite egin-eşikler düzýär. Zähmet toparynyň ýokary hilli biçim we tikin aýratynlyklary bilen tapawutlanýan önümlerine uly isleg bildirilýär. Önümçilikde berk we ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan peýdalanylýar.
17.08.2026
4590
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.