26.05.2024
4581
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň döreden her ýyl 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
26.05.2024
6081
Şükür Öwezow Bangkokda geçirilýän saýlama boks ýaryşynda ikinji tapgyra çykdy
Türkmen boksçulary Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Şükür Öwezow şeýle üstünlige ýetdi.
25.05.2024
5873
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
25.05.2024
6412
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Altyn asyr» topary «Energetik» toparyny ýeňdi
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 17-nji tapgyrynda Mary şäheriniň «Energetik» toparyndan 6:0 hasabynda üstün çykdy.
25.05.2024
8477
Paýtagtymyzda iri kottej ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi
Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
25.05.2024
7138
Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.
25.05.2024
7709
«Gül ülkäm» kompaniýasy Türkmenistanda lift enjamlaryny oturtmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilýän «Ak şäherim – Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisinde gurluşyk we tehnologiýa pudaklarynda öňdebaryjy kompaniýalar ýygnandy.
25.05.2024
6704
Aşgabat şäheri GDA-nyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip ykrar edildi
Paýtagtymyzda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirilen mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi biragyzdan kabul edildi.
25.05.2024
7992
«Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär
«Ak şäherim – Aşgabat» XXIII Halkara köpugurly sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň esasy ätiýaçlandyryş kompaniýasy «Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ https://hazar.com.tm/ raýatlaryň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatlarynyň ugurlary barada gürrüň berýän diwarçasy bilen tanyşdyrýar.
25.05.2024
7469
Maşgala gatnaşyklaryna bagyşlanan «Bu meniň ejem!» atly sahna oýny
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr bölüminiň 2-nji we 3-nji ýyl talyplarynyň Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Jennet» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyran «Bu meniň ejem» sahna oýnunyň tabşyrma görkezilişi boldy.