Ylym
03.03.2026
3290
Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi.
03.03.2026
3801
Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili mugallymlary we bu dili öwrenýän talyplar üçin onlaýn okuw geçirildi.
02.03.2026
3909
Türkmenistanda «Hereketde» diýen şygar astynda «Frankofoniýa –2026» bäsleşikleri başlandy
Türkmenistandaky Fransuz instituty (TFI) şu ýyl «Hereketde» diýen şygar astynda geçýän «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiklerine gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär.
02.03.2026
4959
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäri boýunça IV ýyl talyby Zyýada Ýusupowa Russiýa Federasiýasynyň «Ylmyň formulasy» ylmy barlaglar merkezi tarapyndan guralan «Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» ylmy-barlaglar boýunça işlere degişli halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
28.02.2026
8572
Diplomatik protokol boýunça gysgamöhletleýin okuw tamamlandy
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
27.02.2026
4664
Türkmenistanyň maliýe ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Almatyda geçirilen sebit ykdysady forumyna gatnaşdylar
Şu ýylyň 25-26-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylygy» atly maslahat geçirildi.
26.02.2026
4956
Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Zimbabwe Respublikasynyň daşary işler we halkara söwdasy boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen ýokary okuw mekdeplerinde boldular.
26.02.2026
4121
Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyzda öz bileniňi özgelere-de öwretmek, ýörite ussatlary ýetişdirmek parz saýylypdyr.
26.02.2026
3806
Mekdep kitaphanaçylarynyň usulyýet-amaly okuw maslahaty geçirildi
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda «Garaşsyzlyk eýýamynda bilimiň we ylmyň binýady» diýen at bilen mekdep kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda usulyýet-amaly okuw maslahaty geçirildi.
25.02.2026
4999
GFR-da Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär
2026-njy ýylyň 23-25-nji fewraly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär. Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda alnyp barylýar.