Jemgyýet
28.11.2022
5147
Ýurdumyzda gijelerine howa sowar
Senenama laýyklykda gyşyň başlanmagy bilen ýurdumyzda aram salkyn howa bolar. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +18 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda gijelerine howa sowar. Daşoguz welaýatynda gijelerine howanyň temperaturasy -7 gradusa ýeter diýlip çak edilýär. Mundan başga-da, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin.
27.11.2022
10784
Amyderýanyň goragly jeňňelleri
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar çäginde ýerleşýär.
25.11.2022
9430
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri paýtagtmyzyň mekdepleriniň birine baryp gördüler
25-nji noýabrda Aşgabat şäheriniň 117-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri «Tebigatyň aýratynlyklary» atly temasyndan açyk sapak geçirdiler.
25.11.2022
12149
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi
Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
25.11.2022
7395
USAID türkmen ýaşlaryna sanly bilim kurslaryny hödürleýär
USAID-iň häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy sanly bilim ugrundan okuwlary geçirer.
24.11.2022
6356
Türkmenistanda täze ýaşlar žurnaly dörediler
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Arkadagly ýaşlar» täze elektron žurnaly neşir etmäge taýýarlyk görýär.
23.11.2022
8051
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy.
22.11.2022
8503
Aşgabatda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de oňa degişli meseleler boýunça mejlis geçirilýär
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň nobatdaky 55-nji mejlisi geçirilýär.
21.11.2022
5612
Türkmenistanda maýyl howa dowam eder
Şu hepdede güneşli, salkyn howa bolar. Gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +25 gradus töwereklerinde saklanar. Käbir sebitlerde az-owlak ýagyş ýagmagy mümkin.
20.11.2022
4303
Türkmenistanyň Adalatçysy halkara çärelerinde ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa Moskwa şäherinde geçirilen «Ýewraziýa giňişliginde adam hukuklarynyň goragynyň meseleleri: Ombudsmenleriň öňdebaryjy tejribe alyşmaklary» atly VI Halkara ylmy-amaly maslahatynda «aşlar syýasatyny ösdürmäge we durmuşa geçirmäge ýaşlaryň gatnaşmagy» atly mowzuk bilen çykyş etdi.