Jemgyýet
13.04.2024
4556
Türkmenistanda köp görkezijili toparlaýyn barlag geçirmek boýunça işler tamamlandy
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň goldawy bilen, Türkmenistanda köp görkezijili toparlaýyn barlag (MICS7) geçirmek boýunça meýdan işlerini üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri geçen bu barlagyň çäginde jemi 6800 hojalyga barlyp görüldi.
12.04.2024
6101
Daşoguzda «Saýlanan Bina» täze jemgyýetçilik abadançylygy jaýyny gurýar
Daşoguzda täze «Hyzmatlar öýi» binasynyň gurluşygy başlandy. Ol «Saýlanan Bina» hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan şäheriň halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýjylara hyzmat etmek üçin gurulýar.
12.04.2024
5618
Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy suw meýilnamasyna goşmak boýunça maslahatlar tamamlandy
Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň uýgunlaşmagyna bagyşlanan birnäçe çäräniň çäginde suw hojalygynyň meýilnamalaşdyrylyşyna bagyşlanan jemleýji maslahat geçirildi.
11.04.2024
4551
Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusyndaky ýolagçylar Türkmenistanda boldular
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça özüne çekiji demir ýol arkaly syýahatçylyk daşary ýurtly jahankeşdelere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
09.04.2024
5669
Ýurdumyzda DÖM boýunça ýaşlar üçin okuw sapaklary başlandy
Türkmenistanyň talyp ýaşlaryny 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine çekmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «TurkmenYouth4SDGs» at bilen birnäçe okuw sapaklaryna başlady.
09.04.2024
8596
Ýurdumyzda çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
BSG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen «Sanjymlar howply kesellerden goraýjylarymyz!» atly temada çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi.
09.04.2024
3511
Kosmosda bolmagyň rekordçysy
Kosmonawt Oleg Kononenkonyň 23-nji sentýabra meýilleşdirilen (umumy iş tejribesindäki bäşinji) uçuşy tamamlanandan soň, onuň agramsyzlyk ýagdaýynda geçiren umumy wagty 1110 gije-gündize barabar bolar.
08.04.2024
6195
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +11 gradusdan +12... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +21 gradusdan +26... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.
08.04.2024
6781
Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň welaýat bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherinde welaýatyň çäginde ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdepleriň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda ýangyn amaly sport bäsleşigi geçirildi.
08.04.2024
4514
Türkmenistan parnik gazlaryny tükellemek işlerini kämilleşdirýär
Aşgabatda BMGÖM we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäginde «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» parnik gazlaryny tükellemek boýunça okuw guraldy.