mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

03.09.2022

total-veiw

6619

Zehinli çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy.

news-photo

31.08.2022

total-veiw

6681

Türkmen teatrlarynyň täze möwsümi

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry täze teatr möwsümini Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda režisýor Bilbil Mämmedowyň goýan «Lukman gelinlik» sazly komediýasy bilen açýar. Spektakl lukman diplomyny alyp, dogduk obasyna gaýdyp gelen, ýakyn wagtda toýy bolmaly Jennet atly gyz barada söhbet açýar.

news-photo

29.08.2022

total-veiw

8408

Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

Tomsuň soňky ýekşenbesinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Zeminde parahatçylyga we dostluga bagyşlanan aýdym-sazly agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.

news-photo

27.08.2022

total-veiw

8446

Paýtagtymyzda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar.

news-photo

26.08.2022

total-veiw

8664

Ependi, Aladdin, Demir aýal we beýleki teatr oýunlary

Türkmenistanda täze teatr möwsüminiň açylyşyna taýýarlyk işleri dowam edýär.

news-photo

25.08.2022

total-veiw

15344

Daglaryň waspçysy

Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň şu ýyl 85 ýaşy dolýar.

news-photo

24.08.2022

total-veiw

16156

Türkmeniň beýik mukamçysy – Mylly aganyň syrly arhiwi

Türkmen sazandasy Mylly Täçmyradow entek ýaşap ýören döwürlerinde-de beýik sazanda hökmünde halk tarapyndan ykrar edilipdi.

news-photo

24.08.2022

total-veiw

6243

Halkara çagalar medeniýet forumy öz işine başlady

24-nji awgustda Moskwada HHGS-de Russiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ilkinji gezek guralan halkara çagalar medeniýet forumy öz oşinr başlady.

news-photo

23.08.2022

total-veiw

4957

Tom Soýer «ArtIst» teatrynyň sahnasynda

«ArtIst» teatrynda Mark Tweni «Tom Soýer» romanynyň äheňinde adybir spektakl goýulýar.

news-photo

22.08.2022

total-veiw

5991

Mediaforum: Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary esasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Şu gün Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata we onuň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi.


...359