Sport
02.11.2024
5245
Türkmenistanda ilkinji gezek «Aşgabat Open-2024» tennis ýaryşy geçiriler
Ýakyn günlerde Türkmenistan ýene-de halkara bäsleşiginiň geçiriljek ýerine öwrüler. Bu gezek türkmen paýtagty 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda «Aşgabat Open-2024» halkara tennis ýaryşyna ilkinji gezek geçirer.
01.11.2024
4670
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekili ilkinji gezek «ATP 250» ýaryşyny guramaga gatnaşdy
Türkmen tennisiniň taryhyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy. Gazagystanyň Tennis federasiýasynyň (GTF) çakylygy bilen türkmen hünärmeni Begmuhammet Mommaýew 13-20-nji oktýabr aralygynda Almaty şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda «ATP 250 Almaty Open» ýaryşyny guramaga gatnaşdy.
30.10.2024
6226
AFK-nyň Çagyryş ligasy: «Arkadag» futbol topary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny utandan soň çärýek finala golaýlaşdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Aziýa toparlarynyň arasynda geçirilýän ähmiýeti boýunça üçünji derejeli ýaryşda ikinji ýeňşini gazanyp, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalyna çykmaga golaýlaşdylar.
29.10.2024
5888
«Ahal» futbol topary «Köpetdag» toparyny ýeňdi we futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna çykdy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 27-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygynda «Ahal» toparynyň futbolçylary paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi.
28.10.2024
6497
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji duşuşygynda Maldiwleriň toparyny ýeňdi
«Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryş ligasynda Maldiwleriň «Maziýa» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
26.10.2024
5685
2-nji noýabrda Saglyk ýolundan köpçülikleýin ýöriş geçiriler
2-nji noýabrda Türkmenistanda Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýöriş geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
23.10.2024
5695
Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» futbol topary ýeňişli ýörişini dowam etdirýär
Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» toparynyň futbolçylary iki ýeňiş gazandy. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionatynyň soňa geçirilen 29-njy tapgyrynyň duşuşygynda Wladimir Baýramowyň topary «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utdy.
22.10.2024
4628
Daşoguz welaýaty küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýaryşlaryň saýlama tapgyryny açdy
Daşoguz welaýatynyň 4-nji sport mekdebinde badalga berlen 2025-nji ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň saýlama ýaryşlary oňa gatnaşyjylaryň 69-syny bir ýere jemledi.
21.10.2024
4761
Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyna gol çeker
Türkmenistan Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çeker.
18.10.2024
5062
Türkmenistanyň alpinistleri «Manaslu» depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri belentligi boýunça dünýäde sekizinji orunda durýan Gimalaý daglarynyň «Manaslu» depesine (8163 m) çykdylar. Onuň çür depesinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady.