Sport
22.02.2024
6846
«Arkadag» futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Zenit» topary bilen deň oýnady
Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Arkadag» futbol topary bilen Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparynyň oýunçylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabynda deň tamamlandy.
22.02.2024
7887
Aşgabatda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» XIII Spartakiadanyň jemleýji tapgyry geçiriler
2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Aşgabadyň sport meýdançalarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň toparlarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» XIII Spartakiadasynyň aýgytlaýjy ýaryşy geçiriler.
21.02.2024
5405
«Arkadag» futbol topary Russiýanyň «Pari NN» toparyndan üstün çykdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Nižnyý Nowgorodyň «Pari NN» klubyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Oýun Abu-Dabide (BAE) geçirildi, bu ýerde Wladimir Baýramowyň topary 4-nji martda başlaýan Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlanýarlar.
20.02.2024
6821
Türkmenistanyň wekilleri «Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň wekilleri ilkinji gezek geçirilýän «Geljekki oýunlar» ýaryşyna gatnaşmak üçin Kazana bardylar. 21-nji fewralda Tatarystanyň paýtagtynda ýaryşyň açylyş dabarasy bolar.
18.02.2024
7319
Türkmenistanly hünärmenler Eýranda geçirilen kabaddi boýunça eminler maslahatynda başarnygyny ýokarlandyrdylar
Tähranda 16 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 80-den gowrak hünärmeni jemlän Aziýada meşhur kabaddi oýny boýunça halkara eminler maslahaty geçirildi.
17.02.2024
6372
«Galkan» Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy
Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda göreşýän 6 topar bilen bäsleşýän «Galkanyň» hokkeýçileri ýaryşyň birinji tapgyrynda ýeňiji boldy.
15.02.2024
5387
Türkmenistanly eminler Russiýanyň we Gazagystanyň güýçli klublarynyň oýnuna bekewüllik etdiler
Türkmenistanly eminler topary FIFA-nyň emini Daşoguzdan Alybek Sapaýewden we onuň kömekçileri – Aşgabatdan Babanazar Haknazarowdan we Daşoguzdan Pälwan Pälwanowdan ybarat, eminler topary Russiýanyň we Gazagystanyň güýçli klublary – «Krasnodaryň» we «Astananyň» ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler.
14.02.2024
7324
Türkmenistanly samboçylar Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda halkara ýaryşda 15 medal gazandylar
Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler.
13.02.2024
7180
Küşt boýunça rapid we blis bäsleşiklerinde Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi
Häzirki wagtda meşhur üç, şol sanda wagta doly gözegçilik edilýän nusgawy görnüşde geçirilen 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň küşt çempionaty Aşgabatda rapid we blis ýaryşlary bilen tamamlandy.
12.02.2024
7315
Türkmenistanly suwda ýüzüji türgenler 2024-nji ýylda Katarda geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Sportuň suw görnüşleri boýunça Dohada başlanan ХХI dünýä çempionatynda Türkmenistana dört türgen wekilçilik eder.