Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dili we Aýurweda okuw otaglary açyldy. Açylyş dabarasyna Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili Sibi Jorj, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu hem-de diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.
Hindi dili okuw otagy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Täze okuw otagy hindi dilini öwrenmek üçin hemme zerur tehniki enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde talyplar bilimlerini baýlaşdyryp, ajaýyp hindi şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, akyldarlarynyň döredijiligi, şeýle hem Hindistanyň özboluşly medeni mirasy baradaky edebiýat bilen tanşyp bilerler.
Çäräniň dowamynda institutyň dilçi talyplary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary – milli hindi tanslary hem-de hindi dilindäki meşhur aýdymlar bilen çykyş etdiler.
Dabarada bellenilişi ýaly, hindi diliniň täze okuw otagynyň açylmagy dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklarynyň we netijeli medeni ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ýokary okuw mekdepde geljekki dilçileri taýýarlamak işine hyzmat eder.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň dabaraly açylmagy türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde uly waka boldy.
Dabarada çykyş edenler täze merkeziň açylmagynyň iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ylym-bilim aragatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim bolup durýandygyny bellediler. Onuň binýady 2015-nji ýylda hökümetara derejesinde goýuldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda uniwersitetiň birnäçe hünärleriniň talyplary ýörite okuwlarda adaty hindi lukmançylygyny işjeň we gyzyklanma bilen öwrenýärler. Aýurweda lukmançylygynyň hem-de ýoga-terapiýanyň tejribeleri türkmen lukmançylyk uniwersitetiniň okuw maksatnamalaryna girizildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabatda açylan Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri geljekki lukmanlary taýýarlamaga uly goşant goşýarlar. Şu gatnaşyklaryň esasynda talyplary okatmak we olaryň tejribe geçmekleri, iki ýurduň arasynda bilim we tejribe alyşmak üçin goşmaça mümkinçilikler döredilýär.
Hindi hünärmenleri aýurwedanyň asyrlaryň dowamynda kemala gelýän gadymy lukmançylyk bolup durýandygyny nygtadylar. Ol keselleriň öňüni almak hem-de sazlaşygy we uzak ömri gazanmak maksady bilen berhiz, otlar, ýoga, owkalama, bedeni zäherlenmeden arassalamak ýaly tebigy usullar arkaly bedeniň, akylyň we ruhuň arasyndaky sazlaşygy saklamaga kömek edýär. Aýurweda okuw otagynyň açylmagy bilen ýokary okuw mekdebiniň talyplary bu gadymy hindi ylmynyň syrlaryny has çuňňur öwrenip we akyl ýetirip bilerler.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aýurweda okuw otagynyň enjamlaşdyrylyşy we iş usullary bilen giňişleýin tanyşdylar.
Çäre uniwersitetiň «Melhem» döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy. Dabara gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge döredilýän mümkinçilikleri üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny bildirdiler.