Ï Begenç Karaýew – alym we diplomat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Begenç Karaýew – alym we diplomat

view-icon 107
Begenç Karaýew – alym we diplomat

Begenç Saparowiç Karaýewiň dostlary we tanyşlary ony, köplenç, degişme bilen fransuz alymy Rene Dekart ýa-da nemes alymy Gotfrid Leýbnis bilen deňeşdirýärler. Bu beýik alymlaryň ikisi-de matematiki takyklygy ynsan tebigatyna çuňňur ynsanperwer garaýyş bilen sazlaşdyrmagy başaran şahsyýetlerdir. Olar islendik meseläni öwrenende, onuň gurluşy bilen manysynyň, maksadynyň arasynda sazlaşygy tapmagy başarypdyrlar. Begenç Karaýewi ýakyndan tanaýanlaryň pikirine görä, şeýle ukyp häzirki wagtda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndaky uly mugallyma-da mahsusdyr.

Onuň ylma alyp baran özboluşly ýoly geçen asyryň 80-nji ýyllarynda başlaýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny «inžener-mehanik» hünäri boýunça tamamlap, Büzmeýin tejribe-synag we gurallar-mehanika zawodynda ýönekeý ussa bolup zähmet ýoluna başlaýar. Durmuş edil synag geçirýän ýaly, ýaş hünärmeniň öňünde saýlaw goýýar: okuw ýyllarynda özleşdiren mehanikanyň we matematikanyň berk kanunlary üstün çykarmy ýa-da zatlaryň düýp manysyna, maksadyna we mazmunyna düşünmäge bolan döredijilikli ymtylyşy üstün bolarmy?

Begenç Saparowiçiň öz aýtmagyna görä, adam durmuşynyň ähli taraplary näbelli ululyklary bolan bir deňlemäni ýatladýar. Matematik diňe «X» diýen näbelli ululygy tapyp, deňlemäniň iki tarapyny deňleşdirmek bilen meseläniň çözülenini aýdyp biler. Emma durmuşda has çuň we düýpli kanunlar hereket edýär. Onda umumy deňagramlylygy üpjün edýän köp sanly üýtgeýän ýagdaýlar we sebäpler bar.

Işçi toparlary bilen işleşmek, çylşyrymly tehnologik ulgamlary sazlamak we abatlamak, käte ýaş inženerlerden hem tejribeli ussalaryň has köp zat öwredýändigine göz ýetirmek onuň durmuş garaýşyny baýlaşdyrdy. Bu tejribe soňra Aşgabat welaýat komsomol komitetiniň lektorlar toparyna ýolbaşçy bolup işlän döwründe ýaşlar bilen alyp baran işinde örän peýdaly boldy. Adamlar bilen işleşmegiň bu gymmatly mekdebi onuň häsiýetini berkitdi we filosofiýanyň esaslaryny çuňňur öwrenmäge iterdi.

On ýyl geçenden soň, 1991-nji ýylyň aprelinde Moskwada kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorap, Begenç Karaýew filosofiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe boldy.

1990-njy ýyllaryň ahyrynda ykbal onuň durmuşynda ýene bir täze sahypany açdy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine işe çagyryldy. Şondan soň ýigrimi ýyla golaý wagtlap ministrligiň jogapkärli wezipelerinde zähmet çekip, alym-diplomat hökmünde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge öz goşandyny goşdy.

Durmuş we hünär tejribesi, şol sanda DIM-de işlän ýyllaryndaky gazanan bilimleri onuň tehniki pikirlenmesini manylary seljerýän analitiki dünýägaraýşy bilen utgaşdyrdy. Ol dürli çeşmelerden gelýän maglumatlary tertipleşdirip, olary düşnükli, yzygiderli we ylham beriji düşünjelere öwürmegi başarýan seljeriji hökmünde tanaldy. Häzirki maglumat köplüginiň döwründe şeýle ukyp mugallym üçin aýratyn möhümdir. Şonuň üçin hem Begenç Saparowiç mugallymçylyk işinde halkara wakalaryň we meseleleriň filosofik taraplaryny öwrenmäge aýratyn üns berýär.

Ol 150-ä golaý ylmy we ylmy-populýar makalanyň, köp sanly okuw gollanmalarynyň hem-de kitaplaryň awtorydyr. Şeýle hem dürli jemgyýetçilik we ylmy merkezleriň bilermeni hem-de geňeşçisi hökmünde çykyş edýär.

B.S.Karaýewiň çeken zähmeti birnäçe Hormat hatlary bilen sylaglandy. Ol 1999-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli geçirilen dabaraly mejlisde Türkmenistanyň Ýokary Attestasiýa toparynyň karary bilen Begenç Saparowiç Karaýewe «Filosofiýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesiniň şahadatnamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu üstünligi onuň ylmy we mugallymçylyk ýolunyň iň ýokary nokady diýip hasaplamak kyn. Köpýyllyk tejribesi, täze gözleglere ymtylyşy we Türkmenistanyň diplomatik mekdebi üçin ýaş diplomatlary terbiýelemekdäki yhlasy onuň geljekde-de täze üstünlikleri gazanjagyna ynam döredýär.

«Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy hem B.S.Karaýewi «Filosofiýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesiniň berilmegi bilen baglanyşykly köp sanly gutlaga goşulýar.