eLIBRARY.RU ylmy kitaphanadaky Russiýanyň Ylmy sitatalar indeksinde (RYSI) Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy makalalarynyň sany 1000-e ýetdi.
Bu hakykat bu ýokary okuw mekdebiniň alymlarynyň ylmy agtaryş mümkinçilikleriniň we neşir işiniň üstünlikli ösüşiniň, şeýle hem olaryň ylmy gözlegleriniň netijeleriniň halkara ylmy maglumat giňişliginde has aýdyň beýan edilmeginiň möhüm görkezijisidir.
eLIBRARY.RU ylmy elektron kitaphana – bu, ylmy neşirler, awtorlar, edaralar we ylmy netijeler baradaky maglumatlara elýeterliligi üpjün edýän ylym, tehnologiýa, lukmançylyk we bilim ulgamlarynda Russiýanyň iň uly maglumat we derňew portalydyr.
Russiýanyň Ylmy sitatalar indeksi (RYSI) eLIBRARY.RU platformasynda ýerleşdirilen ylmy sitatalaryň bibliografik maglumat gaznasydyr. RYSI maglumat gaznasy diňe bir alymlaradyr ylmy guramalara sitatalar indeksine esaslanyp baha bermek üçin gural hökmünde däl, eýsem döwürleýin ylmy neşirler barada bibliografik maglumatyň ygtybarly çeşmesi hökmünde hem hyzmat edýär.
eLIBRARY.RU we RYSI-de ýerleşdirilen 1000 ylmy makala türkmen ýokary okuw jaýynyň mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň we bölümçeleriniň maksada gönükdirilen hem netijeli işiniň netijesidir. Bu netije diňe bir mukdar we hil görkezijisi däl, eýsem ylmyň mundan beýläk-de ösmegi, ylmy agtaryşlaryň hilini ýokarlandyrmak we täze belentliklere ýetmek üçin, möhüm höweslendirijidir.
Institutyň ylmy işleriniň platformada görkezilmegi olaryň ylmy işgärler, mugallymlar, aspirantlar we talyplar üçin elýeterli bolmagyna, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzdaky we halkara ylym-bilim guramalary bilen ylmy gatnaşyklar üçin mümkinçilikleriň giňelmegine ýardam eder.
Institut ylmyň durnukly ösüşiniň möhüm esasy hökmünde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Bu ýokary okuw mekdebi halkara ylmy we amaly maslahatlara işjeň gatnaşýar, öňdebaryjy ylmy tejribe alyşmak boýunça iş alyp barýar we ylmy-barlag işleriň ýola goýulmagyna döwrebap çemeleşmeleri üstünlikli ornaşdyrýar.
Ylmyň we bilimiň birleşmegine aýratyn orun berilýär. Şu babatda mugallymlaryň we ylmy işgärleriň ylmy we neşiri işjeňligi talyplaryň ylmy-barlag işlerine gatnaşmagyny höweslendirýär, meseleleriň çözgüdini özbaşdak agtarmak başarnygyny döredýär, taslama esasynda pikirlenişi ösdürýär we geljegine umyt baglanýan ýaş alymlary taýýarlamaga ýardam edýär. Okuwyň gidişinde ylmy neşirleriň ulanylmagy geljekki hünärmenleriň oba hojalyk ylmyndaky häzirki üstünlikler we öňdebaryjy tehnologik çözgütler bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär.
Türkmen oba hojalyk institutynda ylmy agtaryşlar talyplaryň işjeň gatnaşmagy bilen geçirilýär we oba hojalyk ylmynyň häzirki ugurlaryny, şol sanda ekerançylyk tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, bagçylyk we gök önümçiligi ösdürmek, suw we ýer serişdelerini sarpaly ulanmak, oba hojalygyny, suwaryşy mehanizasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Alnan netijeler oba hojalygyndaky iň möhüm amaly meseleleri çözmäge, bilim bermek işini gowulandyrmaga we ýurduň oba hojalyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Institutyň işgärleri geljekde ylmy agtaryş işlerini kämilleşdirmek, neşir işiniň gerimini giňeltmek, halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki ylmy taslamalary taýýarlamak we ylmy agtaryşlaryň netijelerine bolan islegi artdyrmak boýunça tagallalaryny güýçlendirmegi meýilleşdirýärler.
Ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň Ylmy sitatalar indeksindäki (RYSI) 1000 ylmy makala institutyň ylmy işiniň taryhynda möhüm tapgyr bolup, oba hojalyk ylmynyň we Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň innowasion ösüşine hyzmat etmek üçin niýetlenen täze açyşlaradyr üstünliklere tarap has öňe gitmek üçin, täze mümkinçilikleri açýar.