08.05.2021
3837
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
08.05.2021
2310
Demirýolçy esger Anna Araşewiň durmuş ýoly
Anna Araşewi tanaýanlaryň ählisi-de onuň tutanýerlili adam bolandygyny belleýärler.
08.05.2021
3431
Döwlet Baştutanynyň adyna Ýeňiş Güni mynasybetli baýramçylyk gutlaglary gelip gowuşýar
Sizi we Siziň ähli watandaşlaryňyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
08.05.2021
4474
Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzy müberek Gadyr gijesi mynasybetli gutlady
Sizi kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýan mübärek Gadyr gijesi milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da dabaralandyrýar.
08.05.2021
9369
Gahrymanlyk unudylmazdyr: Gennadiý Babikowa, Eduard Asadowa hem-de Weli Muhadowa bagyşlanan hatyra agşamy
9-njy maýda faşistik Germaniýadan üstün çykylmagyna 76 ýyl doldy. Beýik Watançylyk urşy Sowet Soýuzynyň her bir raýatyna agyr düşdi. Ýurduň uludan-kiçä ähli ilaty duşman leşgerinden goraga aýaga galdy. Döredijilik işgärleri: suratkeşler, sazandalar, edebiýatçylar-da ondan çetde durmadylar.
08.05.2021
3345
«Siz hemişe hakydamyzda – biz size buýsanýarys!»: Aşgabatda «Ölmez-ýitmez polk» çäresi geçirildi
8-nji maýda bütin dünýäde Ikinji jahan urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine bygyşlanan çäreler geçirilýär. Şol gün A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde «Ölmez-ýitmez polk» çäresi geçirildi.
08.05.2021
9434
Mary welaýatynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar sarpalandy
Baýramçylyk günlerinde Beýik Watançylyk urşunyň weterany Nikolaý Pawlowiç Skotnikowyň öýüne gelýän myhmanlaryň sany artýar. Beýik Ýeňşiň öňisyrasynda Marynyň iň ýaşulylarynyň biri Nikolaý Skotnikow 96 ýaşady. Ony gutlamak üçin ýaş esgerler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uruş weteranynyň öýüne myhmançylyga geldiler.
07.05.2021
3653
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
07.05.2021
3673
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň (CAREC) taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hemde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
07.05.2021
5349
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: