25.04.2021
2099
Antoniu Guterriş: BMG hemmeleriň bagtly gelejeginiň hatyrasyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hemişe ygrarly
Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim.
25.04.2021
5846
Türkmen Lideri watandaşlarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
Sizi «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
24.04.2021
9060
Çakan - atlar: seýrek duşýan ahalteke bedewlerdir
Biz ahalteke bedewlerine guwanjymyzy we buýsanjymyzy beýan edemizde: «behişdi», «ganatly», «wepadar», «Süleýmanyň tagty» ýa-da şulara meňzeş epitetleri ulanýarys. Şeýle çeper sypatlandyrmalary halkyň içinde «Çakan» diýip at alan, aksowult-melemtil öwüşginli örän seýrek duşýan atlar barada-da aýtmak mümkindir.
24.04.2021
4213
Emil Esenow: türkmen seýsmologiýasynyň aksakaly
Türkmen seýsmolog alymlary dünýä ylmyna mynayp goşant goşdular. Şolaryň biri-de biziň ildeşimiz, Aşgabatda eneden doglan Emil Magtymowiç Esenowdyr. Tutanýerliligi we zähmetsöýerligi bilen köpleri haýran galdyrýan goja alym garrylyk müçesine barandygyna garamazdan, häzirem ömrüni bagyşlan kärinde işlemegini dowam edýär.
24.04.2021
4350
Çakan - atlar: seýrek duşýän ahalteke bedewleridir
Biz ahalteke bedewlerine guwanjymyzy we buýsanjymyzy beýan edemizde: «behişdi», «ganatly», «wepadar», «Süleýmanyň tagty» ýa-da şulara meňzeş epitetleri ulanýarys. Şeýle çeper sypatlandyrmalary halkyň içinde «Çakan» diýip at alan, aksowult-melemtil öwüşginli örän seýrek duşýan atlar barada-da aýtmak mümkindir.
24.04.2021
22494
Türkmen kinosy: geçilen şöhratly ýollar
Aşgabatda ilkinji gezek kinolaryň 1926-njy ýylda görkezilip başlanandygyny bilýän adamlar az-azdyr, köpler bolsa megerem, bilýän hem däldir. Respublikanyň hökümetiniň kararyna laýyklykda täze kinofabrikanyň döredilen wagty şäheriň ady Poltoraskidi. Bu ýerde ilki dokumental lentalar surata düşürilýär. 1929-njy ýylda pagta ösdürmegiň wajypdygyna bagyşlanan Aleksandr Wladyçugyň «Ak altyn» atly ilkinji dokumental-çeper filmi ekranlara çykýar. Ýörite döredilen wagyz ediji topar oba-şäher aýlanyp, bu film bilen ýerli ilaty tanyşdyrýar.
24.04.2021
4863
Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ «С5+1» görnüşde wideoduşuşyk geçirdiler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 23-nji aprelde «С5+1» görnüşde onlaýn-gepleşikler geçirdiler. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmegiň barşy, pandemiýa garşy göreş, howanyň üýtgemegi we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
24.04.2021
7548
Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda birinji orunlaryň ýedisini eýelediler
Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersitetiniň guran Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2021) ýurdumyzyň wekilleriniň 7-si ýeňiş gazandy we 26-sy baýrakly orunlary eýelediler.
24.04.2021
4015
Ykbalyny bedewlere baglan
Ýurdumyzda şöhratly arassa ganly ahal-teke bedewlerini saklap galmaga we olary dünýä ýaýmaga uly goşant goşan türkmen atşynaslary mübäreklenýän şu günler 91 ýaşy arka atan tanymal seýis Gulbatyr Amangulyýew barada gürrüň bermekçi.
24.04.2021
4033
Türkmen Lideriniň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
Siziň hormatly kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdik.