mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

06.03.2021

total-veiw

4242

«Garagumderýagurluşyk» ÖB-nyň ygtyýaryna läbik sorujy täze enjamlar gelip gowuşdy

Ýurdumyzyň baş akabasynyň gurluşykçylary Amyderýanyň suwuny Garagum derýasynyň gözbaşyndan ygtybarly geçirmek wezipesine üstünlikli hötde gelýärler. «Garagumderýagurluşyk»  Önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna gelip gowşan täze t

news-photo

05.03.2021

total-veiw

4779

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.


05.03.2021

total-veiw

3811

Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2143-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

news-photo

05.03.2021

total-veiw

4640

Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

4-nji martda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly   Güýç Garaýew  «ОЭЗ «Лотос» PJ-nyň baş direktory Sergeý Miluşkin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Astrahan oblastynda döredilýän port aýratyn ykdysady zolagynyň çäginde (PAYZ) Türkmensitanyň logistika merkezini açmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

05.03.2021

total-veiw

5291

Köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi, resminama laýyklykda, sekiz we ondan köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy.

news-photo

04.03.2021

total-veiw

2978

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşy

Ilki bilen, ýokary derejedäki şu mejlisi gurandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirýärin. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda Türkiýäniň üstünlikli we netijeli başlyklyk edendigini bellemek we munuň üçin oňa minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

news-photo

04.03.2021

total-veiw

3471

Hazaryň kenarýaka zolagynyň ýataklary işlenilýär

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň edaralary «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň ýardam bermeginde Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi bolan «Demirgazyk Goturdepe» we «Uzyn ada» täze ýataklaryny senagat taýdan işe girizmek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirýärler.

news-photo

04.03.2021

total-veiw

6401

Daşary ýurtlarda Türkmenistanda öndürilen joraplara isleg artýar

«Akar Tekstil» hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda jorap önümlerini iri eksport ediji bolmagy mümkin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň arassa pagtadan we laýkra bilen garyşyk ýüplükden öndürýän erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplarynyň on bäş görnüşine ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da isleg uly.

news-photo

04.03.2021

total-veiw

14447

Myrat Sadykow: türkmen estradasynda öçmez yz galdyran zehin

«Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän skripkaçylardyr pianinoçylara hem gabat gelýärler. Ýöne ylmy işgäriň okuwa girmäge dalaşgär bolanyny welin heniz görmändiler. Myrat Sadykow aýdyma başlandan talapkär topar agzalarynyň ýüregi pagyş-para eräp gitdi...

news-photo

04.03.2021

total-veiw

7382

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sammitine gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

...3345