Ykdysadyýet
31.01.2024
7234
«KAMAZ» ýokary derejeli hyzmat bilen üpjün eder
Daşoguz şäherinde «KAMAZ» ulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat merkezinde gurluşyk hem-de gurnama işleri tamamlandy.
30.01.2024
5397
Türkmenistan deňiz gämi gatnawyny kämilleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda geçen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmak niýeti deňiz gämi gatnawyny we deňizdäki ulag hereketlerini dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga hem sadalaşdyrmaga goşant goşar.
30.01.2024
6726
Türkmenistan we Özbegistan ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmagyň synag mehanizmini hödürleýärler
23-25-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» we Özbegistanyň Döwlet gümrük komiteti «Alat» gümrük barlag geçiş nokady ýük barada deslapky maglumatlary alyş-çalyş etmegiň synag mehanizmini durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki sebitleýin okuw geçirildi.
29.01.2024
5696
Ýuwuş suwuny tutmak we ýerleri gurplandyrmak işleri dowam edýär
Gündogar sebitiň obasenagat toplumynyň işgärleri 2024-nji ýylda «ak altynyň» hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
29.01.2024
5986
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
29.01.2024
6777
Gümrük syýasaty milli eksporty ösdürmäge gönükdirilendir
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy eksport harytlary üçin gümrük şertlerini sadalaşdyrylmagy, olaryň ýeke-täk gümrük maglumat ulgamynda netijeli resmileşdirilmegi, gümrük tölegleriniň awtomatik ýagdaýda ýerine ýetirilmegi we resminamalaryň sanly ulgamlar arkaly doldurylmagy boýunça yzygiderli iş alyp barýar.
27.01.2024
6712
FAO «Andalyp» daýhan birleşigine topragy lazer bilen tekizleşdirýän enjam berdi
FAO/GEF-iň «Merkezi Aziýada we Türkiýede guraklaşýan hem şorlaşýan oba hojalygy meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak (CACILM-2/ISSAUZR-2)» atly sebitleýin taslamasynyň çäginde tebigy baýlyklara täsirli çemeleşmegi we howa şertlerine iň uýgun oba hojalyk tehnologiýalaryna geçişi üpjün edýän enjamlar getirilýär.
27.01.2024
4760
Türkmenistada deňiz ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar
Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.
27.01.2024
5283
Hormatly Prezindetimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.
27.01.2024
5866
Türkmenistanda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenen “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy.