15.07.2026
4207
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
Şu ýyl eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyga halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny hasyl eden mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar.
15.07.2026
16892
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:
15.07.2026
16008
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:
15.07.2026
5101
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
15.07.2026
4029
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Bilşiňiz ýaly, şu ýylyň 10-njy iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklar berildi.
15.07.2026
4262
Aşgabatda Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
14-nji iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Fransiýa Respublikasynyň Milli baýramy – Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, işewür toparlaryň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow gatnaşdy.
15.07.2026
4353
«Gülüň owadan» atly keçe bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry
Türkmen halkynyň milli mirasyna ser salanyňda, güller çemeni göz öňüňde janlanýar. Eziz enelerimiziň, mährem uýalarymyzyň çeper ellerinden çykan halylar, keşdelerdir nagyşlar, milli lybaslar, gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýan, ajaýyp bedewlerimize zynat berýän zergärçilik sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen utgaşyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmegi türkmen milletiniň kalbyna nur çaýýar. Milli mirasymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň mukaddeslikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegidir.
15.07.2026
5808
Türkmenistanly talyp gyz Germaniýada DAAD gullugynyň tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Mehatronika we robot tehnikasy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa Germaniýada 1–30-njy iýul aralygynda geçirilýän Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar.
15.07.2026
3386
Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäre geçirildi
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli ýatlama dabarasy hem-de tematiki fotosergi geçirildi.
15.07.2026
2830
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi.