13.06.2026
4618
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy.
13.06.2026
9231
«Arkadag» topary «Nebitçi» toparyny uly hasap bilen ýeňdi, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary üç utuk gazandylar, «Köpetdag» topary bolsa paýtagt duşuşygynda üstün çykdy
Ýurdumyzyň üç şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýunlar janköýerleri derwezä giren köp pökgi, öňdebaryjy toparlaryň ynamly ýeňişleri we myhmanlaryň berk garşylaşmalary bilen begendirdi. Dört duşuşykda jemi 12 pökgi derwezä girizildi.
13.06.2026
5484
«Farap» şypahanasy – melhemler mekany
cGaraşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, häzirkizaman binagärlik sungatynyň nazaryýeti siňen «Farap» şypahanasy ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň iň esasylarynyň biridir.
13.06.2026
4997
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Guramaçylyk işleriniň barşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
13.06.2026
5208
Türkmenistan bilen Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasy Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görýärler. Bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
13.06.2026
2650
Türkmenistanda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň resmi saparyna taýýarlyk görülýär
Türkmenistan Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň resmi saparyny kabul etmäge taýýarlanýar. Öňümizdäki saparyň guramaçylyk meselesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garaldy.
13.06.2026
2641
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin: – Aşgabadyň hemişelik Bitaraplygy bütindünýä durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmegiň faktorydyr
Moskwa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna çuňňur hormat goýýar we Aşgabat bilen esasy meseleler boýunça yzygiderli syýasy gepleşikler geçirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Russiýanyň güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde aýtdy.
13.06.2026
3799
Aşgabadda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşyk geçirildi.
13.06.2026
4944
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasyny, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz hem-de ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolup, zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
12.06.2026
5126
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.