29.10.2025
4134
«Daşkent» seýilgähinde türkmen-özbek dostluk agşamy geçirildi
Türkmen-özbek dostluk agşamy şowhunly baýramçylyga öwrüldi diýsek dogry bolar. Bu ýerde bir wagtda üç sergi: çaý sergisi, milli tagamlaryň sergisi we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
29.10.2025
3523
«Hemişelik Bitaraplyk – dost-doganlyk binýady» atly sahna oýunlarynyň hepdeligine taýýarlyk
Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýän hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan çuňňur mazmunly çäreler barha giň gerime eýe bolýar.
29.10.2025
3914
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan BSG we ADB forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22–23 oktýabry aralygynda Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş edarasynyň binasynda Aziýa Ösüş Banky (AÖB) bilen bilelikde guralan «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forum geçirildi.
29.10.2025
3680
Türkmen oba hojalyk instituty talyplary ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigine çagyrýar
Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşjaklary kabul etmegini dowam edýär.
29.10.2025
2506
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda parahatçylygyň we umydyň sazy ýaňlandy
2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýär.
29.10.2025
6593
Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar
Berkarar Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda ýerleşýän hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde sport, medeni, ekologik ulgamlary boýunça çäreler yzygiderli geçirilýär.
29.10.2025
2809
«Altyn asyr» futbol topary Butanyň «Paro» toparyny ýeňip, AFK-nyň Çagyryş ligasynda çärýek finala ýene bir ädim öňe gitdi
«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Aziýanyň ähmiýeti boýunça üçünji orundaky topar ýaryşynda yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazanyp, 2025 – 2026-njy ýyllaryň futbol möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalyna çykmak üçin güýçli isleg bildirdiler.
29.10.2025
3258
Ekologlar Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
29.10.2025
4838
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
28.10.2025
4547
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Polşanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.